Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Aşgabatda gepleşik geçirdi


Penşenbe güni Türkmenistana sapara baran Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow prezident G.Berdimuhamedow we daşary işler ministri R.Meredow dagylar bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşiklerde Türkmenistan bilen Orsýetiň ykdysady we medeni-gumanitar pudaklardaky hyzmatdaşlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça özara pikir alşyldy.

Gepleşiklerde türkmen-orsýet goşa raýatlygyna degişli käbir derwaýys meseleleriň-de maslahat edilendigi habar berilýär.

Aşgabatdaky gepleşikleriň yzy bilen Orsýetiň habar serişdelerine beren interwýusynda daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabatdaky bu ýokary derejedäki gepleşikleriň ähli ugurlar boýunça “konstruktiw ýagdaýda” geçendigini belledi.

Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde-de Orsýetiň delegasiýasy bilen duşuşyk geçdi.
XS
SM
MD
LG