Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda hökümet we biznes


"Baki Taksi" kompaniýasy Londona mahsus taksileriň her birini 28 müň dollardan satyn alyp, Bakuwa getirdi

"Baki Taksi" kompaniýasy Londona mahsus taksileriň her birini 28 müň dollardan satyn alyp, Bakuwa getirdi

Azerbaýjanyň transport ministriniň maşgala agzalary we bu ministrlik bilen işleşýän abraýly kompaniýalardan biriniň başlygynyň maşgala agzalarynyň arasyndaky ýakyn gatnaşyk dürli soraglary döredýär.

Transport ministri Ziýa Mämmedowyň ogly Anar we dogany Elton Azerbaýjanyň meşhur kompaniýalarynyň biri bolan "Baghlan Group" kompaniýasynyň düýbüni tutan adamynyň maşgala agzalary bilelikde biznes edýärler.

Agzalýan kompaniýanyň Azerbaýjanyň transport, sport kompleksleri, gurluşyk we nebit çykarmak boýunça uly proýektleri amala aşyrýandygy aýdylýar.

Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa barada maglumat berýän topar, şeýle-de Azatlyk Radiosy Transport ministrligi bilen "Baghlan" kompaniýasynyň arasynda gol çekişilen birnäçe kontrakty anyklady.

Londondan taksiler

Olaryň arasynda Londondan Bakuwa getirilmeli 1000 sany taksi maşynlary, ýol we halkara awtobus stansiýasyny gurmaklyk baradaky girdejili kontraktlar bar.

"Baghlan" kompaniýasyna amatly şertleri döredip, bu kompaniýalary dolandyryjylaryň maşgala agzalary bilelikde iş alyp barýarlar. Netijede bu iki maşgala ýurduň transport, taksi gatnawy, gurluşyk we ýük daşamaklyk ýaly proýektlerinde uly paýa eýe boldular, käbir pudaklarda bolsa doly monopoliýany gazandylar.

"Baghlan Group FZCO" kompaniýasynyň düýbüni tutan telekeçi Hafiz Mämmedow transport ministri Ziýa Mämmedowyň garyndaşy däl. Agzalýan kompaniýa 2007-nji ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde hasaba alnypdy.

Bu maşgalalaryň arasyndaky biznes baglanyşygy "Azerbaýjan banky" atly banka bilelikdäki eýeçiligi, şeýle-de Bakuwda halkara awtobus gatnawynyň stansiýasyny bilelikde gurmagy öz içine alýar.

Agzalýan iki maşgalanyň hem Bakuwyň Futbol klubynda ýolbaşçylyk wezipelerini eýeleýän agzalary bar. Anar Mämmedowyň eýeçiligindäki kompaniýalar hem "Baghlan Group" kompaniýalar toparynyň agzalarynyň sanawyna girizilen.

Şol bir wagtyň özünde-de "Baghlan Group" kompaniýasyna girdejili we, göräýmäge, başga dalaşgäri bolmadyk kontraktlar berildi. Transport ministrligi tarapyndan tassyklanan bu kontraktlar agzalýan kompaniýa taksi maşynlaryny import edip, olary işletmäge, şeýle-de ýol gurluşygyny alyp barmaga mümkinçilik berýär.

“Biziň göz öňümizde tutýan esasy maksatlarymyzyň biri ýurduň transport infrastrukturasyny we şol sanda köpçülikleýin transport ulgamyny ösdürmekdir” diýip, Hafiz Mämmedow "Baghlan" kompaniýasynyň ýolbaşçysy hökmünde öz websaýtynda çap eden beýanatynda aýdýar.

Şol websaýtyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, bu kompaniýa Bakuwa London şäherindäki ýaly gara taksileriň 1000-e golaýyny getirdi. Ol häzirki döwürde ýurduň iň uly taksi kompaniýasydyr. Ondan başga-da Bakuwyň awtobus ýolagçylarynyň bäşden bir bölegini gatnadýan ýüzlerçe ulagy bilen, ol Azerbaýjanyň iň uly awtobus kompaniýasy diýlip hasaplanýar.

Azerbaýjanyň transport ministri Ziya Mämmedow, "Baghlan Group" toparynyň ýolbaşçysy Hafiz Mämmedow prezident Ylham Alyýewe Londondan getirilen taksileri görkezýärler.

Azerbaýjanyň transport ministri Ziya Mämmedow, "Baghlan Group" toparynyň ýolbaşçysy Hafiz Mämmedow prezident Ylham Alyýewe Londondan getirilen taksileri görkezýärler.


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň ýolbaşçylyk etmeginde 2013-nji ýyl boýunça geçirilen ýörite duşuşykda transport ministri Mämmedow çykyş edip, 2000 töweregi täze taksileriň we 1200-e golaý täze awtobuslaryň gerekdigini aýtdy.

Ministriň çykyşyndan soň prezident Aliýew şeýle diýdi: “Biz bu meselä seresaply çemeleşmeli. Elbetde, biz ýurduň transport ulgamyny özgertmeli. Biz täze taksileri we awtobuslary satyn almaly”.

2012-nji ýylda Baku "Eurovision" atly aýdym-saz bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görýärkä, "Baki Taksi" kompaniýasy Londona mahsus taksileriň her birini 28 müň dollardan satyn alyp, Bakuwa getirdi. Ol taksileri import etmegi teklip eden - "Baki Taksi" kompaniýasy, Transport ministrligi bolsa munuň bilen ylalaşdy diýip, "Baki Taksi" kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilkar Kasimow aýdýar.

Biznes ofislerinden başga-da bu iki edaranyň sport bilen bagly umumy bähbitleri bar. "Baghlan" kompaniýasynyň düýbüni tutan Hafiz Mämmedow Bakuwyň Futbol klubunyň prezidenti bolup, "Baghlan" kärhanasy hem oňa sponsorlyk edýär.

Transport ministriniň ogly Anar Mämmedow bolsa klubyň hormatly prezidenti. Onuň "ZQAN" atly kärhanasy, Azerbaýjanyň banky we "Baghlan" kompaniýasy bu kluba maliýe goldawyny berýärler.

Mämmedowlaryň maşgalalarynyň arasyndaky baglanyşyk baradaky soraga transport ministriniň sözçüsi Hasanow şeýle jogap berdi: “Ministri diňe Azerbaýjanyň bähbidi gyzyklandyrýar. Käbir kompaniýalar ministriň ýakynlaryna degişli bolup biler. Eger şol kompaniýalar güýçli we täsirli proýektleri teklip edýän bolsalar, näme üçin olara rugsat berilmeli däl? Men bu barada artyk gürrüň etmek islämok”.

Azeri dilinde "baghlan" diýen sözüň iki manysy bar: olaryň biri "ýapyl", beýlekisi-de "baglanyş". Bu sözüň iki manysy hem "Baghlan Group" kompaniýasyny häsiýetlendirip bilýär.
XS
SM
MD
LG