Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gizlin hasaplar barada maglumat çap boldy


Penşenbe güni düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Derňewçi žurnalistleriň halkara konsorsiumy” atly gurama daşary ýurt gizlin bank hasaplarynda pullaryny gizlänler diýlip güman edilýän 130 müň adamyň sanawyny çap etdi.

Bu sanawda dünýäniň 170 ýurdunyň wekilleriniň ady bar. Bu gizlin bank hasaplaryna eýelik edýän adamlaryň sanawynda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň, onuň aýalynyň we gyzlarynyň, şeýle hem Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Igor Şuwalowyň aýaly bilen ýakyn hyzmatdaşlykdaky adamlaryň atlary-da bar.

Bu sanawy düzen “Derňewçi žurnalistleriň halkara konsorsiumy” atly gurama özüniň ele salan 2.5 milliona golaý dokumentinde dünýäniň baý adamlarynyň salgytlardan gaçmak we öz baýlyklaryny gizlemek üçin ulanýan gizlin ýollarynyň aýdyňlaşýandygyny aýdýar.

“McKinsey & Company” atly global konsultatiw kompaniýanyň ozalky baş ykdysatçysy ýakynda öz geçiren hasaplamalaryna salgylanmak bilen, tutuş dünýä boýunça gizlin bank hasaplarynda gizlenýän pullaryň möçberiniň 21 trillion dollardan gowrak bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG