Sepleriň elýeterliligi

BMG Farahdaky hüjüme alada bildirdi


Anna güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Owganystanyň Farah welaýatynda çarşenbe güni amala aşyrylan uly ýitgili hüjümi berk ýazgaryp, beýanat etdi.

Çarşenbe güni owgan harbylarynyň geýimini geýnen talyban söweşijileriniň Farah welaýatynda amala aşyran hüjümlerinde howpsuzlyk gullugynyň işgärlerinden we parahat ýaşaýjylardan jemi 50-den gowrak adam öldi.

Bu hüjümde talybanlar welaýat merkezindäki suduň jaýyna hem-de hökümet binalaryna hüjüm edip, tussaglykdaky käbir beýleki talyban söweşijilerini azat etmäge synanyşdylar. Emma olaryň bu synanyşyklary başa barmady.

Bu wakalaryň fonunda, anna güni Owganystanyň Lagman welaýatynyň Alingar etrabyndaky polisiýanyň bir gözegçilik postunyň ýanynda amala aşyrylan partlamada bir polisiýa işgäri bilen üç parahat ýaşaýjy öldi.

Ýerli resmiler bu wakada bir eşege berkidilen bombany ýaragly söweşijileriň remout-kontrol arkaly partladandyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG