Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde GDA-nyň maslahaty açyldy


Anna güni Özbegistanyň paýtagty Daşkentde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahaty açyldy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Daşkentdäki bu maslahatynda, esasan, daşarky syýasaty koordinirlemek, informasiýa tehnologiýasyna degişli jenaýatçylyklara garşy göreşmek, bilim programmalary we turizm pudagy boýunça hyzmatdaşlyklary ösdürmek ýaly meseleleriň üns merkezinde boljakdygyny aýdýar.

Mundan daşary, bu maslahatda GDA döwletleriniň özara gumanitar hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meselesi barada-da maslahat ediljekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG