Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda Eýranyň ýadro programmasy maslahat edilýär


ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy K.Aşton Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklerde, Gazagystan, 5-nji aprel, 2013.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy K.Aşton Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklerde, Gazagystan, 5-nji aprel, 2013.

Häpdäniň anna güni Gazagystanda dünýä döwletleriniň we Eýranyň arasynda Tähranyň gapma-garşylykly ýadro programmasy boýunça gepleşikler başlandy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aşton “5+1” diýlip atlandyrylýan we ABŞ-ny, Orsýeti, Hytaýy, Fransiýany, Britaniýany we Germaniýany öz içine alýan topara wekilçilik edýär. Ol anna güni Almatyda başlanan gepleşikleriň öň ýanynda eden çykyşynda agzal meselede “seresaply optizism” bildirdi.

Tähranyň talaby

Ýadro meseleleri boýunça gepleşiklerde Eýran tarapynyň baş wekili Saeed Jalili gepleşikleriň netijeli bolmagy üçin dünýä liderleriniň Eýranyň urany baýlaşdyrmaga haklydygyny ykrar etmelidigini aýtdy.

Ketrin Aştonyň metbugat wekili Mişael Mann gepleşiklere gatnaşýan ýurtlaryň Eýranyň wekillerinden “açyk we takyk jogaba” garaşýandygyny aýtdy. Fewral aýynda Almatyda geçirilen birinji gepleşiklerde Eýran tarapyna käbir teklipler edilipdi.

Mişael Mannyň sözlerine görä, gepleşikleri iki günüň dowamynda geçirmek planlaşdyrylýar, emma öňegidişligiň bolmadyk ýagdaýynda gepleşikleriň bir günüň dowamynda tamamlanmagy-da ähtimal.

Ozalky duşuşyk

Fewral aýynda geçirilen birinji duşuşykda dünýä ýurtlary Tährana garşy girizilen ykdysady sanksiýalary gowşatmagy teklip etdiler. Olar muňa derek Eýranyň urany baýlaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerini bes etmegini talap etdiler.

Eýran diplomatynyň ISNA habar agentligine aýtmagyna görä, fewral aýynda geçirilen gepleşiklerde taraplar geljekki ädimleri maslahat etmek üçin alty aýlyk döwrüň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň gün tertibi barada ylalaşypdyrlar.

Gepleşikleriň netijeliligi

14-nji iýunda Eýranda prezidentlik saýlawlary geçiriler. Käbir analitikler saýlawlaryň öňüsyrasynda Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklerde käbir öňegidişligiň boljagyny çak edýärler.

Emma Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň wekili Almatydaky duşuşygyň öňüsyrasynda bu gepleşikleriň netijeli boljagyna ynamsyzlyk bildirdi. Aleksandr Lukaşewiç Moskwada žurnalistleriň öňünde çykyş edip, gepleşiklerde şu çaka çenli “uly bir öňegidişlik gazanyp bolmandygyny” belledi.

Almatydaky gepleşikler Ysraýylyň Eýranyň ýadro obýektlerine zarba urmaga taýýardygyny duýduran wagtyna gabat geldi. Ysraýyl, eger diplomatiýa we sanksiýalar Tähranyň ýadro programmasyny saklap bilmese, harby çäreleri ulanyp biljekdigini aýtdy.

Eýran özüniň ýadro ýaragyny döretmeýändigini aýdýar we Günbataryň aýyplamalaryny ret edip gelýär. Tähran öz ýadro programmasyny energiýa we medisina barlaglary üçin alyp barýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG