Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mun Koreýadaky ýagdaýlara alada bildirdi


Anna güni BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun Koreýa ýarym adasynda ýagdaýyň dartgynlaşmagyna çuňňur alada bildirýändigini aýdyp, beýanat etdi.

Onuň bu çykyşynyň öňýany Demirgazyk Koreýanyň hökümeti geljek hepdäniň çarşenbe gününden soň bu ýurtdaky daşary ýurt diplomatlarynyň howpsuzlygyna hiç hili kepil geçip bilmejekdigini duýdurdy.

Phenýan uruş hereketleriniň ýüze çykmagynyň mümkindigini ýaňzytmak bilen, Demirgazyk Koreýadaky daşary ýurt ilçihanalaryna bu ýurdy terk etmekligi maslahat berdi.

Anna güni Günorta Koreýanyň habar serişdeleri Demirgazyk Koreýanyň öz aram aralyga uçýan harby raketalarynyň iki toparyny bu ýurduň gündogar kenar ýakasynda ýerleşdirendigini habar berdiler.

Soňky günler Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň, Ýaponiýanyň we Birleşen Ştatlaryň harby bazalaryna raketa hüjümlerini amala aşyrmak haýbatlaryny atyp gelýär. Geçen hepde Phenýan özüniň Günorta Koreýa bilen “uruş ýagdaýyna” geçendigini-de yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG