Sepleriň elýeterliligi

Ýadro gepleşiginde täzelik görnenok


Gazagystanyň Almaty şäherinde Eýranyň ýadro meselesi boýunça indi ikilenji gün dowam edýän gepleşiklerde anyk bir öňegidişlikler göze ilmeýär.

Almaty şäherinde dünýäniň ykdysady taýdan ösen alty döwleti bilen Eýranyň arasynda ýadro meselesi boýunça täze gepleşikler anna güni başlanypdy.

Gepleşikleriň birinji güni taraplary anyk bir ylalaşyga getirmedi we Günbataryň resmileri Tähranyň ýadro programmasy babatdaky pozisiýalarda henizem uly tapawutlaryň bardygyny mälim etdiler.

Birleşen Ştatalaryň, Orsýetiň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň we Germaniýanyň wekilleriniň Eýranyň wekilleri bilen geçirýän bu gezekki gepleşigi şu ýylyň başyndan bäri Almatyda gurnalan ikilenji gepleşikdir.

Şu ýylyň fewralynda Almatyda geçirilen birinji tapgyr gepleşiklerde taraplar oňyn bir ylalaşyga gelip bilmändiler.
XS
SM
MD
LG