Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Hökümet uly üýşmeleňe taýýarlanýar


15-nji aprelde uly çäre geçiriljek “Azadi” stadionynyň bir künji. Tähran, mart, 2011.

15-nji aprelde uly çäre geçiriljek “Azadi” stadionynyň bir künji. Tähran, mart, 2011.

Eýranyň hökümeti 15-nji aprelde Tähranyň “Azadi” stadionynda ägirt uly ýygnanyşyk geçirmekligi planlaşdyrýar. Bu planlaşdyrylýan çäräniň maksatlary barada dürli hili garaýyşlar peýda boldy.

Emma Eýranyň prezidentiniň orunbasary hem-de medeni miraslar baradaky guramanyň başlygy Mohammad Şarif Malekzadeh habar serişdelerine beren interwýusynda bu çäräniň maksadynyň Eýranyň içerki syýahatlaryna serenjamlyk edýän döwlet komitetiniň işlerine minnetdarlyk bildirmekden ybaratdygyny belledi.

Ol bu çärä Eýranyň milli aýdym-saz toparlarynyň we ýokary derejeli resmileriniň-de gatnaşjakdyklary hem-de munuň ozalky ýyllardakydan hem has gabaraly derejede gurnaljakdygyny aýtdy.

Eýranyň hökümetiniň öz bu çäresini prezidentlik saýlawlaryndan dogry iki aý öň, şeýle hem Tähranyň 100 müň tomaşaçy orunlyk iň uly “Azadi” stadionynda gurnamagy planlaşdyrmagy dürli garaýyşlaryň peýda bolmagyna getirdi.

“Oruntutaryň” hormatynamy?

Käbir habar saýtlarynda bu çärä prezident Mahmud Ahmedinejatyň “sag eli” hem-de “oruntutary” hasaplanylýan Esfandiýary Rahim Maşaeýiň prezidentlik kampaniýasynyň başlangyjyny aňladýan bir çäre hökmünde baha berilýär.

Ahmedinejaty tankytlaýjy käbir websaýtlar we hökümete ýakyn toparlar Ahmedinejaty “ýoldan çykanlaryň lideri” diýip atlandyryp, “ýoldan çykanlaryň lideriniň” bu ýygnanyşykda söz sözlemegine garaşylýandygyny çaklaýarlar.

“Ýoldan çykanlar” diýen termini bolsa soňky wagtlar Mahmud Ahmedinejatyň garşydaşlary onuň ýakyn egindeşleri babatda ulanýarlar. Olar şeýle diýmek bilen Ahmedinejaty we onuň ýakyn egindeşlerini ruhanylaryň ideologiýasyndan ýüz öwürmekde hem-de yslam dininiň taglymatyny däl-de, Eýranyň milli taglymatyny öňe sürmekde aýyplaýarlar.

Eýranyň “Entekhab” internet saýty Tähranyň stadionynda 15-nji aprelde geçiriljek çäräni “resmi bolmadyk saýlaw kampaniýasy” hökmünde häsiýetlendirmek bilen, onda prezident Ahmedinejatyň gytaklaýyn ýagdaýda Esfandiýary Rahim Maşaeýiň kandidaturasyny mahabatlandyrjakdygyny öňe sürýär.

Şeýle hem, bu internet saýty soňky birnäçe hepdäniň dowamynda bu çäre üçin Tähranyň stadionyny adam bilen doldurmak ugrunda häkimiýetleriň ägirt uly tagalla edýändiklerini we bu çärä gatnaşjak islendik adama pul goldawynyň beriljekdigi barada maglumatlaryň-da bardygyny ýazýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG