Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Aktiwistleriň azatlygyna çagyryş edildi


Moskwadaky demonstrasiýada protestçiler tussaglykdaky aktiwistleriň suratlaryny we “Zamunlykdakylary azat edin!” diýen mazmundaky şygarlary göterip, çykyş etdiler. Moskwa, 6-njy aprel, 2013.

Moskwadaky demonstrasiýada protestçiler tussaglykdaky aktiwistleriň suratlaryny we “Zamunlykdakylary azat edin!” diýen mazmundaky şygarlary göterip, çykyş etdiler. Moskwa, 6-njy aprel, 2013.

Şenbe güni Orsýetiň paýtagty Moskwanyň merkezinde ýüzlerçe protestçi geçen ýyl polisiýa bilen çaknyşyklarda aýyplanyp tussag edilen aktiwistleriň azat edilmegini talap edip, demonstrasiýa geçirdi.

Moskwanyň Nowopuşkinskiý parkynda gurnalan bu piket çäresinde protestçiler tussaglykdaky aktiwistleriň suratlaryny we “Zamunlykdakylary azat edin!” diýen mazmundaky şygarlary göterip, çykyş etdiler.

Demonstrasiýada çykyş eden Döwlet Dumasynyň ozalky deputaty Gennadiý Gudkow syýasy aktiwistleriň türmeden boşadylmagyny talap edilip gurnalan bu çäräni Orsýetdäki “geljekki repressiýalaryň öňüni almak” üçin ädilen ädim diýip häsiýetlendirdi.

“Bu günki protest çäresi Orsýetde eýýäm peýda bolup başlan syýasy tussaglaryň, hakyky syýasy tussaglaryň hatyrasyna gurnalan çäre. Ol tussaglar onlarça we hatda ýüzlerçe. Bu heniz köpçülikleýin repressiýa däl. Emma biz öz başymyzdan geçen 1930-njy ýyllaryň iň bir aýylganç repressiýalary ýaly köpçülikleýin repressiýalaryň ýüze çykmak ähtimallygynyň öňüni almak üçin şeýle demonstrasiýany gurnadyk” diýip, Gennadiý Gudkow nygtady.

Jebisleşdiren waka

Orsýetde geçen ýylyň maýynda, Wladimir Putiniň prezidentlik wezipesine gaýtadan dolanan güni gurnalan protest demonstrasiýasynda tussag edilen aktiwistleriň duçar bolan ykbaly oppozision toparlary has-da özara jebisleşdirdi.

2012-nji ýylyň 6-njy maýynda gurnalan şol demonstrasiýa hem-de Bolotnaýa meýdançasynda gurnalan ýöriş bilen baglanyşykly jemi 25 adam jenaýat jogapkärçiligine çekilipdi.

Şolardan on bäşisi häzirki wagt sud prosesine garaşyp, tussag izolýatorynda otyrlar. Ýene üç aktiwist, şol sanda radikal oppozision lideri Sergeý Udalsow hem öý tussaglygynda saklanýar.

Orsýetli biznesmen Maksim Lužýanine geçen ýylky berlen jeza çäresi bu aktiwistlere-de çynlakaý jeza çäresiniň berilmeginiň ähtimaldygyny görkezýär. Geçen ýyl Lužýanin özüne ýöňkelýän günäni boýun alanda, sud oňa 4.5 ýyl türme tussaglygyny beripdi.

2011-nji ýylda Moskwada gurnalan adatdan daşary uly gerimdäki protest çykyşlary Kremli çynlakaý alada goýupdy. Ýöne bu demonstrasiýalar soňra kem-kem ýatyşdy.

Oppozision aktiwistler protest hereketini has janlandyrmak maksady bilen geljek aý uly gerimde demonstrasiýa gurnamaklygy planlaşdyrýarlar. Bu çäre geçen ýylyň 6-njy maýyndaky protestiň ýyl dönümini bellemek hökmünde alamatlanar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG