Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assad “domino effekti” barada gürledi


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Türkiýäniň telewideniýesine beren interwýusynda Siriýanyň hökümetiniň synmagynyň Ýakyn Gündogar regionynda “domino effektini” oýnajakdygyny belledi.

Ol Siriýanyň käbir goňşy ýurtlaryny Siriýadaky söweşijileri ýarag bilen üpjün etmekde aýyplap, munuň üçin bu ýurtlaryň özleriniň geljekde ejir çekjekdiklerini aýtdy.

Şeýle-de, Başar al-Assad Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogany Ysraýyl bilen gatnaşyklary gowulandyrmakda we Ysraýyl bilen bileleşip, Siriýa garşy “hüjüm gurnamakda-da” aýyplady.

Bu wakalaryň fonunda şenbe güni Italiýanyň Daşary işler ministrligi Siriýanyň demirgazygynda dört sany italiýan žurnalistiniň näbelli ýaragly adamlar tarapyndan zamun alnandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG