Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mombaýda ölenleriň sany 72-ä ýetdi


Hindistanda anna güni öz-özünden ýumrulan jaýyň harabalyklarynyň astyndan tapylan adam jesetleriniň sanynyň şenbe güni 72-ä ýetendigi habar berilýär.

Polisiýa Mombaý şäherinde ýumrulan bu sekiz gat jaýyň harabalyklarynyň astyndan diri galanlaryň bardygyna bolan umytlaryň kem-kem azalýandygyny mälim etdi.

Anna güni sekiz gat jaýyň öz-özünden ýumrulan wagty onuň içinde 150 töweregi adamyň bolandygy çaklanylýar. Bu wakada 70 töweregi adamyň ýaralanandygy we 20-den gowrak adamdan henizem hiç hili habar-hatyryň ýokdugy aýdylýar.

Hindistanda jaýlaryň pes hilli gurluşyk materiallaryndan gurulmaklary ýaly sebäpler netijesinde olaryň öz-özünden ýumrulmaklary ýaly wakalar ýygy-ýygyndan ýüze çykýar.
XS
SM
MD
LG