Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Guramaçylyk çäreleri maslahat edildi


Anna güni Aşgabatda geçirilen nobatdaky hökümet maslahatynda halk-hojalygynyň dürli pudaklaryndaky çäreleriň guramaçylyk taraplaryna garaldy.

Hususan-da, onda wise-premýerler öz ýolbaşçylygyndaky pudaklarda alnyp barylýan işler we planlaşdyrylýan çäreler barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Prezident G.Berdimuhamedow bu maslahata gatnaşyjylary aprel aýynyň ilkinji ýekşenbesinde bellenilip geçilýän “Suw damjasy – altyn dänesi” milli baýramçylygy bilen gutlap, suwuň ähmiýeti barada gürrüň etdi.

Maslahatyň dowamynda daşary işler ministri R.Meredow aprel aýynda planlaşdyrylýan möhüm çärelere, şol sanda halkara forumlaryna we maslahatlaryna görülýän taýýarlyklar barada giňişleýin çykyş etdi.

Bu maslahatda prezident Berdimuhamedow ýurduň habar serişdeleriniň işini kämilleşdirmek ugrunda görülýän çäre hökmünde birnäçe gazet-žurnalyň, hususan-da, “Türkmenistan”, “Neýtralnyý Türkmenistan”, “Türkmenistanyň prezidentiniň metbugat çapary” gezetleriniň we “Diýar” žurnalynyň redaksiýalarynyň täze düzgunnamalaryny tassyklady.
XS
SM
MD
LG