Sepleriň elýeterliligi

Jaz pianisti Alperin: “Döredijilik näbelli bir zat”


Jaz pianisti Mişa Alperin (surata düşüren Pietro Bandini)

Jaz pianisti Mişa Alperin (surata düşüren Pietro Bandini)

Jaz pianisti we kompozitor Mişa Alperin 1956-njy ýylda Ukrainanyň Kamenets-Podolskiý şäherinde doglan. Ol Moldowada we Orsýetde ýaşapdy we bilim alypdy.

1993-nji ýyldan bäri Alperin Norwegiýanyň Saz akademiýasynyň professory. Ýakynda ol Rumyniýanyň paýtagty Buharestde “Jazz.ro” atly assosiasiýasy we şäheriň Luteran ybadathanasy tarapyndan geçirilen Jaz festiwalynda çykyş etdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Bu festiwaldan soň Mişa Alperin bilen söhbetdeş boldy. Sowet döwründen şu günki güne çenli dörän dürli medeni ugurlara, döredijilige we jaza bagyşlanan bu söhbetdeşligi dykgatyňyza hödürleýäris.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz Ukrainada doguldyňyz, Moldowada ýaşadyňyz, Kişinýewde we Moskwada bilim aldyňyz. Häzir siz Norwegiýada ýaşaýarsyňyz we işleýärsiňiz. Şeýle geçmiş siziň döredijiligiňize täsir ýetirdimi?

Mişa Alperin: Hawa, täsir ýetirdi diýip pikir edýarin. Bu tebigy zat. Men öz tejribäme esaslanyp, meniň ýaşan ýerlerimiň we daşymdaky medeniýetleriň maňa hemişe täsir ýetirendigini aýdyp biljek. Köplenç bu duýdansyz bir duýgy bolýar. Men ýaşan ýerlerimiň ählisinde ýerli milli medeniýeti iňňän gowy görýärdim, bu bolsa meniň döredijiligime göni täsir ýetiripdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Şu günki gün jaz, klassyky saz, döwrüň täze sazlary, folklor ýaly akymlaryň arasynda käte araçägiň-de ýokdugy barada pikir döreýär. Käbirleri muny postmodernizm diýip atlandyrýarlar. Beýlekiler munuň globalizasiýanyň ntijesidigini aýdýarlar. Umuman, bu oňyn bir zatmy ýa-da erbetmi?

Mişa Alperin: Meniň pikirimçe, bu örän oňat. Žanrlaryň arasyndaky ähli serhetler emeli bir zat diýip hasap edýärin. Ewolýusiýa aň-düşünjäniň açyklygyna bagly bolup, biziň durmuşymyzda tebigy bir prosess bolup durýar. Sungatda araçäkleriň çekilmegi onuň çäklendirilmegini aňladýar. Bu diňe bir sungata degişli bolman, durmuşyň islendik ugruna degişli. Araçäkleriň çekilmegi sosial durmuşda-da yýapyklyga getirýär.

Açyklyk adamzadyň ösüşi üçin esasy zerurlyklarynyň biridir. Şonuň üçin men adamlaryň aýdym-sazlaryň islendik akymlaryna, sungatyň islendik görnüşlerine açyk bolmagy möhüm diýip hasap edýärin. Biz täsir astyna düşýäris, biz birek-birege täsir ýetirýäris. Bu islendik ugra degişli bolup biler, munuň tapawudy ýok.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz “Moskwa Triosy” atly proýektiňiz barada gürrüň berseňiz. Bu jaza meňzeş bolan bolsa-da, jaz däl-de, başga bir zatdy.

Mişa Alperin: Moskwadaky çykyşymyz häzirki döwür barada gürrüň bermek maksadyna esaslanypdy. Biz üç sany dürli medeniýetiň bileleşip, parahatçylykly ýagdaýda birek-birek bilen ýaşap bilýändigini görkezmek isledik. Şol çykyşymyz bilen biz folklor sazanda, klassyk tüýdükçi we impowizator bilelikde bir maşgala ýaly hereket edýäris. Bu biziň “Moskwa Triosy” atly toparymyzyň esasy maksady bolupdy. Emma islendik bir zat barada aýtmak bir mesele, ony durmuşa geçirmek bolsa - başga bir mesele.

Her bir adam açyklyk barada sözläp biler, emma açyk bolmagy iş ýüzünde başarmak başga bir mesele. Bu durmuşda-da şeýle, döredijilikde-de. Köp sazandalar we sungatçylar size açyklyk barada ençeme sagatlap ýeňillik bilen gürrüň berip bilerler, sebäbi geplemek aňsat bir saz. Emma açyk bolmagy başarmagyň, serhetlerden çykmaga ukyply bolmagyň ýeňil iş däldigini hemme bilýär. Munuň üçin, adam özüni düzgünleşdirmäge ukyply we dürli žanrlarda tejribeli bolmaly.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Bile çykyş edýän beýleki sazandalary hem gowy tanamaly, şeýlemi?

Mişa Alperin: Hökman, şeýle-de bir-biriňe uly hormat goýmaly. Bu meselede özboluşlylyk meňzeşlikden has möhümdir. Emma adamzadyň gurluşy örän çylşyrymly. Adamlar mydama meňzeşligi gözleýärler. Olar hyzmatdaşlygyň we öz daşyndaky adamlaryň düşnükli bolmagyny iselýärler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Sebäbi adamlar näbelli bir zatdan howatyr edýärler, şeýlemi?

Mişa Alperin: Elbetde, ýöne döredijilik näbelli bir zat. Oňa baş goşmak üçin wagt gerek bolýar. Adam döredijilikde özüni rahat duýup başlaýança, garaňky bir tokaýlykda gezip ýören ýaly bolýar. Başda bu biynjalyklyk döredýär. “Moskwa Triosyny” muňa mysal edip getirip bolar. Biz ilkinji ýyllarda örän aladalanýardyk, sebäbi çykyşlarymyz reakasiýa döretmeýärdi. Biz tanyş bolmadyk bir ýerde, düşnüksiz şertlerde işlemäge çalyşýardyk. Biz öz döredijiligimizi nädip öňe sürmelidigini bilmeýärdik. Promoterler biziň önümimizi nädip satjagyny bilmeýärdi, sebäbi biziň çykyşlarymyz jaz hem däldi, rok hem däldi, pop ýa-da klassyik ugurlara-da degişli däldi. Şonuň üçin döredijilik beýi bir zat, emma çylşyrymly.

“Moskwa Triosynyň” wideosy

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Meniň öňki mugallymym, rumyniýaly jaz tankytçysy Virgil Mihaiu siziň Moldowanyň “Trigon” atly iň gowy jaz toparyny açan adamdygyňyzy aýdypdy. “Trigon” özüni etno jaz topary diýip atlandyrýar. Siziň pikiriňizçe, olar näme üçin etno, ýagny milli saz çalýandygyny nygtaýarlar? Jaz bary - bir jaz bolýar, şeýle dälmi?

Mişa Alperin: Hawa, siz dogry aýdýarsyňyz. Jaz aslyýetinde dürli milli akymlaryň täsiri astynda dörän. Şonuň üçin, jaz barada aýdylanda, etno diýen düşünjäniň goşulmagy biraz täsin görünýär. Emma men adamlaryň öz döredijiliginde etno saz çalýandygyny nygtamagynyň sebaplerine düşünýärin. Sebäbi köp adam jazy amerikadan gelip çykan bir sungat hökmünde tanaýarlar. Emma bu dogry däl. Ýöne şeýle garaýyşlar sazandalara öz täsirini ýetirýär. Olar “biz amerikan sazyny çalmaýarys, biz rumynlar, ýa hytaýlar, ýa-da moldowanlar” diýip, özleriniň milli medeni aýratynlyklaryny nygtamaga çalyşýarlar.

“Trigon” atly jaz toparynyň wideosy

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Men size jaz bilen bagly özümiň irki tejribelerim barada gürrüň bermek isleýärin. Men 1977-nji ýylda Kluj şäherinde Ganelin atly sowet jaz triosyny diňläpdim. Men şonda erkin sungat hasaplanýan jazyň nädip erkin bolmadyk Sowet Soýuzynda çalnyp bilinýändigine geň galypdym. Siz bu täsin ýagdaýy düşündirip bilersiňizmi?

Mişa Alperin: Meniň pikirimçe, bu täsin däl. Bu, umuman, tebigy bir proses bolupdy. Sowet Soýuzy ýaly [adamlara] syýasy taýdan basyş eden totalitar bir döwletde döredijilik wekilleri dürli görnüşde protest bildirmegiň ugrunda bolýarlar. Käbir adamlar hiç zat aýtman hem protest bildirip bilýärler. Emma sungat bilen meşgullanýan adamlar öz döredijiligi arkaly protest bildirip bilýärler. Bu diňe bir Söwet Söýuzy bieln çäklenmeýär. Bu bütin dünýäde adamzadyň tutuş taryhynda şeýledi.

Sungat arkaly adamlar öz dünýäsini döredýär we şeýdip, özüçe protest bildirýär. “Ganelin” jaz triosyny hem muňa mysal hökmünde getirmek mümkin. Men şuňa meňzeş duýgyny öz başymdan geçiripdim. Çynymy aýtsam, ”Moskwa Triosyny” döretmek baradaky pikir mende ”Ganelin Triosynyň” täsiri astynda döräpdi. Men olary 1982-nji ýylda Moskwada ilkinji gezek diňlänimde bu mende ägirt uly täsir galdyrypdy. Men şonda “bu oglanlar özlerini gaty erkin düýýarlar” diýip pikir edipdim. Men şonda özümem muňa synanyşyp görmegi arzuw edipdim.

Hakykatdanam, tankytçylar “Moskwa Triosyny” we “Ganelin Triosyny” postsowet giňişliginde eksperiment ediji ýeke-täk toparlardygyny aýdýarlar. Men şeýle toparlaryň sany azmy, köpmi biljek dal, bu möhüm hem däl. Bu ýerde iň möhüm zat, protest wagtlaýyn bir zatdy, totalitar režimiň ýetiren täsiri wagtlaýyn bir zatdy, bu täsir Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen ýok boldy.

Soň protest üçin esas galmady, şu günki gün awangard diýen akyma gyzyklanma hem köp däl. Şeýlelkde, awangard diýlende, onuň sungatyň wagtlaýyn bir görnüşidigini göz öňünde tutmaly. Munuň bilen bagly ähli zat, adatça, wagtlaýyn häsiýete eýe bolýar.

“Ganelin Triosynyň” wideosy

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Bu zat klassyka öwrülýär, şeýlemi?

Mişa Alperin: Hawa, şu günki gün awangard muzeý, gadymy bir muzeýe öwrüldi. Bu geň zat däl. Her bir döwrüň tasiriniň astynda dörän her bir zat, wagtlaýyn häsiýete eýe bolýar. Hut şu sebäpden meni wagtlaýyn zatlar gyzyklandyrmaýar. Emma milli sungatlar meni gyzyklandyrýar, sebäbi olar müdimilik zat. Onuň dörän wagtyny-da bilip bolmaýar, şonuň üçin ol könelmejek bir zat bolýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siziň Buharestde geçiren konsertiňizde “Piano üçin hekaýalar” atly eserlerden bölekleri ýerine ýetirdiňiz. Bu eserlerde jaz bilen poeziýanyň arasynda baglanyşyk barmy? Men bu sowaly 1993-nji ýylda jaz gitaraçy Jon MakLaughline beripdim. Ol şonda: “Poeziýa barka menem bar, sizem bar, biziň ählimiz bir gäminiň içindediris” diýip, jogap beripdi.

Mişa Alperin: Bu ajaýyp bir düşündiriş. Onuň bu sözleri hem ajaýyp hem-de dogry. Men muňa näme diýip bilerin? Meniň kakam ýazyjydy. Poeziýa meniň durmuşymda tebigy bir zat. Men muňa hiç wagtda şübhe bildirmeýärdim. Bu meniň üçin örän tebigy bir zatdy. Mydama men munuň bir bölegi bolupdym, emma bu barada aýratyn bir pikir etmändim.

Men gürrüň bermegiň meniň üçin örän tebigy zatdygyna göz ýetirdim. Emma gürrüň bermeklik meniň üçin tekste ya-da sözlere bagly zat däl. Şeýlelikde poeziýa meniň üçin örän möhüm sungat, men öz sazlaryma poetik hekaýalar hökmünde garaýaryn we aýtjak bolýan zatlarymy diňleýjilere saz arkaly ýetirýärin. Meniň ejem bessarabiýaly sazandady, kakam ýazyjydy. Olaryň duýgularynyň täsiri-de maňa ýetdi. Bu bolsa meniň eserlerimde sazlaşyp, pikirleriň köplügini doly düşündirýän bolsa gerek.
XS
SM
MD
LG