Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Owganystandaky hüjümleri ýazgardy


Ýekşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri şenbe güni Owganystanda alty sany amerikan raýatynyň ölümine getiren hüjümleri ýazgaryp, çykyş etdi.

Bu wakalardan birinde Owganystanyň günortasyndaky Zebul welaýatynda ýol ugrunda amala aşyrylan partlamada üç sany amerikan harbysy bilen bilelikde iki amerikan diplomat işgäri we bir ýerli lukman partlamanyň pidasy boldy.

ABŞ-nyň diplomatik ofisiniň işgärleri bu wakanyň bolan wagty welaýatyň Kalat şäherindäki bir mekdep üçin okuw kitabyny alyp barýan ekenler.

Mundan daşary, şol gün Owganystanyň gündogar regionynda-da ýaragly söweşijileriň amala aşyran hüjüminde ýene bir amerikan raýatynyň ölendigi habar berildi.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini talybanlar öz üstlerine aldylar. Munuň özi soňky sekiz aýyň dowamynda bir günüň içinde Owganystanda amerikalylaryň çeken iň uly ýitgisi boldy.
XS
SM
MD
LG