Sepleriň elýeterliligi

Almatydaky maslahat oňyn netije bermedi


Eýranyň ýadro meselesi boýunça Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen iki günlük gepleşikler şenbe güni giçlik oňyn bir netije bermezden, tamamlandy.

Bu gepleşiklere araçyllyk eden Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerin Äşton iki gün dowam eden uzak diskussiýalaryň taraplaryň arasyndaky tapawutlary ýeňip geçmäge mümkinçilik bermändigini aýtdy.

Birleşen Ştatalaryň, Orsýetiň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň we Germaniýanyň wekilleriniň Eýranyň wekilleri bilen Almatyda geçiren bu gepleşigi şu ýylyň başyndan bäri Gazagystanyň bu şäherinde gurnalan ikilenji gepleşikdir.

Dünýäniň bu ösen ýurtlary Eýranyň urany ýokary derejede baýlaşdyrmakdan el çekmegini talap edip, munuň öwezine Eýrana garşy ulanylyp gelinýän käbir ykdysady sanksiýalary ýatyrmaklygy teklip edýärler.

Eýran öz gezeginde özüniň ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini hem-de urany baýlaşdyrmaklyga özüniň kanuny hukugynyň bardygyny aýdyp, olaryň bu teklibinden ýüz öwrüp gelýär.
XS
SM
MD
LG