Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Saglyk hepdeligi tamamlandy


Ýekşenbe güni Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” hepdeliginiň jemleýji gününe bagyşlanyp, ýörite çäreler geçirildi.

Hususan-da, ýurduň ähli welaýatlarynda edara-kärhanalaryň işgärleriniň we okuw jaýlarynyň studentleriniňdir mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda ýörite sport ýaryşlary we Saglyk ýodalaryndan köpçülikleýin ýöremek ýaly çäreler gurnaldy.

Indi iki ýyl bäri Turkmenistanda Butindunýä Saglyk gununin bosagasynda Saglyk hepdeligini geçirmek çäresi ýola goýlup gelinýär.

Bu hepdeligiň jemleýji gününde, ýekşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow ýurduň ilatyny Bütindünýä Saglyk güni bilen gutlap, ýörite ýüzlenme bilen ýüzlendi.

Ol bu ýüzlenmesinde Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygyny belläpdir we munuň döwletiň ileri tutýan wezipelerinden biridigini nygtapdyr.

Ýekşenbe güni G.Berdimuhamedow aprel aýynyň ilkinji ýekşenbesinde bellenip geçilýän “Suw damjasy – altyn dänesi” atly milli baýramçylyk bilen-de ýurduň ilatyny gutlady.
XS
SM
MD
LG