Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muşarraf saýlawlara rugsat aldy


Ýekşenbe güni Pakistanyň ýerli saýlaw komissiýasynyň resmileri ýurduň ozalky prezidenti Perwez Muşarrafyň parlament saýlawlaryna gatnaşyp biljekdigini mälim etdiler.

Perwez Muşarraf Pakistanyň kanun goraýjy organlary tarapyndan özüne bildirilýän jenaýat aýyplamalary sebäpli soňky dört ýyl bäri daşary ýurtlarda bosgunlykda ýaşap gelipdi.

Iki hepde mundan ozal ol Pakistana dolandy. Ýöne soňky günler onuň parlament saýlawlaryna kandidat bolmak üçin beren arzalaryny ýurduň birnäçe şäherinde saýlaw komissiýalary ret etdi.

Ýekşenbe güni Pakistanyň demirgazygyndaky Çitran şäheriniň saýlaw komissiýasy Muşarrafyň arzasyny kabul edip, onuň kandidaturasyny resmi ýagdaýda hasaba aldy.

Pakistanyň parlament saýlawlary 11-nji maýda geçiriler. Perweş Muşarraf 1999-njy ýylda harby agdarylyşygyň netijesinde häkimiýet başyna gelip, 10 ýyla golaý wagtlap Pakistana liderlik edipdi.
XS
SM
MD
LG