Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri ýadro meselesinde Eýrana duýduryş berdi


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Türkiýäniň Ystambul şäherinde gurnalan metbugat konferensiýasynda çykyş edýär. Ystambul, 7-nji aprel, 2013.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Türkiýäniň Ystambul şäherinde gurnalan metbugat konferensiýasynda çykyş edýär. Ystambul, 7-nji aprel, 2013.
Ýekşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Eýranyň ýadro programmasy boýunça ylalaşyga gelmegi üçin berlen möhletiň indi azalýandygy barada Tährana duýduryş berdi.

Özüniň regiona edýän on günlük saparynyň ilkinji güni Türkiýede eden bu çykyşynda Jon Kerri Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly gepleşikleriň “soňsuz proses” bolup bilmejekdigini belledi we Eýranyň bu meseläni diplomatik ýol bilen çözmekden ýüz öwren halatynda, ABŞ-nyň harby hereketlere geçmäge taýýardygy barada-da duýduryş berdi.

“Özümiziň diplomatik çözgüt tapmak isleýändigimizi ýene bir gezek Eýrana ýatladasymyz gelýär. Emma bu çözgüt eýranlylaryň öz elinde. Eger, käbir beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, sizde-de ýadro energiýasy bilen bagly parahatçylykly programma bar bolsa, onuň parahatçylyklydygyny subut etmeklik kyn bir iş däl ahyryn” diýip, Jon Kerri nygtady.

Onuň bu çykyşynyň öňýany Eýranyň ýadro meselesi boýunça Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen iki günlük gepleşikler şenbe güni giçlik oňyn bir netije bermezden, tamamlandy.

Henizem ylalaşyk ýok

Bu gepleşiklere araçyllyk eden Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerin Äşton iki gün dowam eden uzak diskussiýalaryň taraplaryň arasyndaky tapawutlary ýeňip geçmäge mümkinçilik bermändigini aýtdy.

Birleşen Ştatalaryň, Orsýetiň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň we Germaniýanyň wekilleriniň Eýranyň wekilleri bilen Almatyda geçiren bu gepleşigi şu ýylyň başyndan bäri Gazagystanyň bu şäherinde gurnalan ikilenji gepleşikdir.

Dünýäniň bu ösen ýurtlary Eýranyň urany ýokary derejede baýlaşdyrmakdan el çekmegini talap edip, munuň öwezine Eýrana garşy ulanylyp gelinýän käbir ykdysady sanksiýalary ýatyrmaklygy teklip edýärler.

Eýran öz gezeginde özüniň ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini hem-de urany baýlaşdyrmaklyga özüniň kanuny hukugynyň bardygyny aýdyp, olaryň bu teklibinden ýüz öwrüp gelýär.

Şenbe güni Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rybakow hem Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly meselede taraplaryň umumy bir dil tapmak meselesiniň henizem kyn bolmagynda galýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG