Sepleriň elýeterliligi

Karzaý çagalaryň ödürilmegini ýazgardy


Owgansytanyň prezidenti Hamid Karzaý ýurduň gündogarynda NATO-nyň amala aşyran howa zarbasynda 11 çaganyň öldürilmegini ýazgaryp, beýanat ýaýratdy.

Maglumata görä, çagalar şenbe güni Kunar welaýatynyň Şigal etrabynda “Talyban” söweşijilerine gönükdirilen Owgan-NATO harby operasiýasynyň dowamynda öldürilipdir.

Ýekşenbe güni ýaýradylan beýanatda Karzaý harby operasiýalaryň ilatly sebitlerde amala aşyrylmagyny, şeýle-de “Talyban” hereketiniň parahat ýaşaýjylary galkan hökmünde ulanmagyny ýazgardy.

Şenbe güni amala aşyrylan howa zarbasynda heläk bolanlaryň sany barada dürli maglumatlar gowuşýar. Emma, Karzaýyň edarasy hüjümde 11 adamyň ölendigini we alty aýalyň ýaralanandygyny aýdýar.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna laýyklykda, howa zarbasynda alty söweşiji hem öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG