Sepleriň elýeterliligi

Inguşystanda söweşiji öldürildi


Demirgazyk Kawkazyň Inguşystan respublikasynda geçirilen ýörite operasiýada, söweşijidigi öýdülýän azyndan bir adam öldürildi.

Ýerli resmileriň berýän maglumatyna görä, duşenbe güni irden Dalakowo obasynda ýaragly adamlaryň bir topary polisiýa işgärlerine ot açypdyr. Sebitde terrorizme garşy operasiýa dowam edýär.

Demirgazyk Kawkaz regionynda polisiýanyň “yslamçylar” diýlip güman edilýänlere garşy alyp barýan göreşi her ýyl onlarça adamyň ölümine sebäp bolýar. Bu regionda iň durnuksyz diýlip Dagystan, Inguşystan, Çeçenistan hem Kabardino-Balkariýa hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG