Sepleriň elýeterliligi

Etiň ýürege täsir edýändigi anyklandy


Saglyk boýunça barlagçylaryň aýtmagyna görä, adamyň ýüregine zyýan ýetirýän diňe gyzyl etdäki ýag däl.
ABŞ-niň ençeme uniwersitetinden düzülen alymlaryň bir topary gyzyl etde ýürek keseline getirýän karnitin atly amino kislotanyň bardygyny anyklady.
Alymlar karnitin aşgazandaky kislota tarapyndan siňdirilende emele gelen suwuklyk holesterolyň bedenden çykmak usulynynyň üýtgemegine getirýändigini, munuň netijesinde hem arteriýalaryň ýognalýandygyny aýdýarlar. Agzalýan madda sygyr, goýun, ördek , doňuz we keýik etinde duş gelýär.
Ýekşenbe güni “Nature Medicine” atly žurnalda çap edilen ylmy işde karnitiniň käbir energetiki içgilerde hem bolýandygy bellenilýär. Bu barlag işine ABŞ-niň Milli saglyk instituty maliýe goldawyny berdi.
XS
SM
MD
LG