Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damaskda güýçli partlama boldy


Siriýanyň döwlet telewideniýesiniň berýän maglumatyna görä, Damaskyň merkezinde içi partlaýjyly ulag ýarylypdyr.

Gowuşýan maglumata görä, duşenbe güni mekdebiň golaýynda bolan partlamada azyndan 10 adam ölüpdir, başga-da onlarçasy ýaralanypdyr. Sabaa Bahrat Damaskyň iň esasy biznes regiony hasaplanýar. Ol ýerde ýurduň Merkezi Banky we Maliýe ministrligi ýerleşýär.

Prezident Başar al-Assadyň hökümetini agdarmak ugrunda, iki ýyl çemesi wagt bäri göreşýän jeňçiler paýtagtyň merkezinde we eteklerinde bomba hüjümlerini amala aşyrýarlar.
XS
SM
MD
LG