Sepleriň elýeterliligi

Putin Gannowerde çykyş etdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, ýakynda ýurtdaky hökümete degişli bolmadyk guramalaryň barlanyp başlanmagyny goldap çykyş etdi. Hökümetiň bu barlaglary köp tankydy reaksiýalary hem döredipdi.

Putin çykyşynda Russiýanyň daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän hökümete degişli bolmadyk guramalary barlamaga hakynyň bardygyny aýtdy.

Duşenbe güni Gannower şäherinde Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda, Putin şu ýylyň başky dört aýynda Russiýadaky hökümete degişli bolmadyk guramalara jemi 1 milliarda dollaryň goýberilendigini maglumat berdi.

Putin bu pullary maliýe krizisden ejir çekýän Kipr ýaly döwletlere berip, has ygtybarly ulanyp boljakdygyny aýtdy.

Merkel Russiýada hökümete degişli bolmadyk guramalaryň barlanmagy boýunça Germaniýanyň aladalanýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG