Sepleriň elýeterliligi

Margaret Tetçer aradan çykdy


Britaniýanyň ozalky premýer-ministri Margaret Tetçer 87 ýaşynda aradan çykdy.

Tetçeriň duşenbe güni irden ölenini onuň maşgala agzalary aýtdy, diýip Tetçeriň metbugat wekili Lord Belli maglumat berdi. Tetçeriň saglyk ýagdaýy birnäçe aý bäri ýaramazdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Britaniýanyň “beýik lideri” ýitirendigini aýtdy.

Bukingem köşgüniň berýän maglumatyna görä, Ýelizaweta II Tetçeriň aradan çykandygy baradaky habary eşidip, gynanypdyr.

Tetçere “Iron Lady”, ýagny “Demir zenan” hem diýilýärdi. Ol Britaniýadaky ýeke-täk aýal premýer-ministr boldy. Tetçer Konserwatiwleriň başynda durup, saýlawlarda üç gezek ýeňiş gazanmagy başardy. Ol 1979-1990-njy ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk etdi.
XS
SM
MD
LG