Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa: Öňki premýer-ministr Tetçer aradan çykdy


Margaret Tetçer, 2007 ý.

Margaret Tetçer, 2007 ý.

Britaniýanyň öňki premýer-ministri Margaret Tetçer 87 ýaşynda aradan çykdy.

Sözçüsi Lord Bel Margaret Tetçeriň maşgalasy duşenbe güni onuň baky uka gidendigini "uly hasrat" bilen habar berdi diýdi.

Demir tutynyň syrylmagyna kömek eden hasaplanýan Tetçer irden, beýnisine gan inmegi zerarly ýogaldy. Ol ençeme aý bäri hassady.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron "Biz beýik lideri, beýik premýer-ministri, beýik britaniýalyny ýitirdik" diýdi.

Bu habar ýaýrandan soň, Madridde ýören Kameron özüniň Ispaniýa saparyny gysgaldýandygyny aýtdy. Ol duşenbe güni irden Fransiýa gitmelidi, emma bu sapar goýbolsun edildi.

Premýer-ministriň edarasy Tetçeriň Londondaky Merhemetli Pol ybadathanasynda, harby hormat bilen, dabaraly ýagdaýda jaýlanjagyny aýtdy.

Bakgingem köşgi şa aýal Elizabet ikinjiniň Tetçeriň ölümine gynanandygyny habar berdi.
Polisiýa ofiseri M.Tetçeriň işiginde gül goýýar. 8-nji aprel, 2013 ý.

Polisiýa ofiseri M.Tetçeriň işiginde gül goýýar. 8-nji aprel, 2013 ý.


2003-2005-nji ýyllarda Konserwatiwleriň lideri bolan Maýkl Howard “Sky News” telekanalyna şeýle diýdi:

"Ol britan syýasatynda bir titandy. Men ol biziň ýurdumyzy halas etdi diýip bilýärin. Sebäbi ol 1979-njy ýylda häkimiýet başyna geçende, biz hakyky ykdysady gaýtgynlyk döwründedik we köpler hökümeti dolandyrmak mümkin däl diýip pikir edýärdi. Men onuň ýurdy halas edendigine ynanýaryn, ol biziň ykdysadyýetimizi gaýtadan gurdy. Men ol taryha biziň iň beýik premýer-ministrlerimiziň biri bolup girer diýip pikir edýärin."

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barroza duşenbe güni Brýusselde Tetçeri “beýik döwlet işgäri” diýip atlandyrdy:

"Ol bir bitewi bazar giňişligini döretmäge kömek etdi. Şeýle-de ol formal taýdan demir tutynyň aňyrsynda bolan Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlaryny Ýewropa maşgalasyna goşmakda öňbaşçy oýunçy boldy."

Tetçer "Demir zenan" diýlip tanalýardy we ýurduň ýeke-täk zenan premýer-ministri bolupdy.

Ol ýurduň Konserwatiwler partiýasyny üç saýlawda ýeňşe ýetirdi hem-de 1979-njy we 1990-njy ýyllar aralygynda hökümete ýolbaşçylyk etdi. Ol 1992-njy ýylda Lordlar palatasynda Baranossa Tetçer derejesi bilen Hormatly zenanlyga bellenildi.

Tetçer huşsuzlykdan ejir çekýärdi we soňky ýyllarda il içine az çykdy.
XS
SM
MD
LG