Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nurmämmedow: "Suw bisarpa tutulýar"


Aşgabat şäherinden bir görnüş. 2013 ý.
Aşgabat şäherinden bir görnüş. 2013 ý.
7-nji aprelde Türkmenistanda “Suw damjasy –altyn dänesi” baýramçylygy bellenilip geçildi.

Türkmen metbugaty bu baýramçylygyň asyrlyk däplerden uç alyp gaýdýandygyny we halkyň dirilik çeşmesi bolan suwa goýýan gadyr-gymmaty bilen baglydygyny ýazýar.

Ýöne şol bir wagtda Türkmenistanda suwuň bisarpa tutulýandygy, munuň üstesine paýtagtda hem ilatyň suw üpjünçiliginiň pesdigi aýdylýar.

Eýsem munuň sebäbi näme? Ýurtda ilatyň agyz suwy bilen üpjünçiligini nädip gowulandyrmaly?

Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu barada Aşgabatda ýaşaýan ýerli synçy, syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.
XS
SM
MD
LG