Sepleriň elýeterliligi

Seul: Demirgazykda ýadro synagyna taýýarlyk göze ilmeýär


Günorta we Demirgazyk Koreýalaryň arasyndan geçýän harby bolmadyk zonasynyň golaýyndaky radar, Günorta Koreýa, 8-nji aprel, 2013.

Günorta we Demirgazyk Koreýalaryň arasyndan geçýän harby bolmadyk zonasynyň golaýyndaky radar, Günorta Koreýa, 8-nji aprel, 2013.

Günorta Koreýanyň resmileri Demirgazyk Koreýanyň dördünji ýadro synagyna taýýarlanýandygy baradaky maglumatlary tassyklamaýarlar.

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrliginiň hepdäniň duşenbe güni ýaýradan resmi maglumatynda Demirgazyk Koreýanyň ýadro synagyny geçirmäge taýýarlyk görýändigini görkezýän hiç hili alamatyň ýokdugy äşgär edildi. Bu beýannamanyň öňüsyrasynda Günorta Koreýanyň Ministrler Kabineti Demirgazyk Koreýanyň ýadro synaglaryny geçirýän esasy meýdanynda taýýarlyklaryň görülýändigini görkezýän käbir alamatlaryň bardygyny aýdypdy.

Bileleşme boýunça ministr Ryyo Kihl-jae parlament komitetinde eden çykyşynda özüniň ýälňyşandygyny boýun aldy.

"Taýýarlyklar"

Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Kim Min-seok Demirgazyk Koreýanyň Punggye-ri synag meýdanynda “taýýarlyklaryň bolandygyny”, emma olaryň “adaty hereketlere meňzeýändigini” belledi.

Duşenbe güni geçirilen metbugat konferensiýasynda Kim Min-seokyň aýtmagyna görä, Goranmak ministrligi Demirgazyk Koreýanyň günorta we günbatar tunnellerinde ýadro synaglary üçin taýýarlyk görýändigini fewral aýyndan bäri habar berip gelýär. Günorta Koreýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekiliniň sözlerine görä, ýagdaý öňküligine galýar.

Demirgazyk Koreýa fewral aýynda özüniň üçünji ýadro synagyny geçirendigini yglan edensoň, Koreý ýarymadasyndaky dartgynlylyk hasam güýçlenipdi. Bu bolsa BMG-niň Phenýana garşy sanksiýalarynyň güýçlendirilmegine sebäp bolupdy. Şondan bäri Demirgazyk Koreýa ençeme sapar haýbat atyp çykyş etdi. Şol sanda Phenýan ABŞ zarba urmaga taýýardygyny mälim etdi.

Phenýanyň hereketleri

Geçen hepdede Demirgazyk Koreýa çarşenbe gününden başlap, daşary ýurtlaryň Phenýandaky ilçihanalarynyň işgärleriniň howpsuzlygyna kepil geçmejegini yglan edipdi. Emma daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň öz işgärlerini Phenýandan çykarmak boýunça taýýarlyklary göze ilmändi.

Geçen hepdäniň ýekşenbe güni Günorta Koreýanyň Milli howpsuzlyk boýunça ýolbaşçysy Phenýanyň raketa hüjümi ýa-da şuňa meňzeş başga hili prowokatiw hereketleri planlaşdyrýan bolmagynyň ähtimaldygyny aýdypdy.

Düşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-moon Demirgazyk Koreýany “islendik prowokatiw hereketlerden saklanmaga çagyrdy”.

ABŞ şu hepdede planlaşdyran ballistik raketasynyň synagyny yza tesdirdi we bu synaga Phenýan tarapyndan nädogry düşünilmeginden howatyrlanýandygyny aýtdy.

Keson senagat zonasy

Düşenbe güni Günorta Koreýa öz giňişliginde ýerleşýän we Günorta Koreýa bilen bile dolandyrylýan senagat zonasyndan öz işçilerini çykarmakçydygyny mälim etdi.

Phenýan Keson senagat zonasyna günorta koreýaly işçileriň barmagynyň öňüne böwet basdy.

Soňky on ýylyň dowamynda Kesonda işleýän günorta koreýa şirketleri müňlerçe demirgazyk koreýaly işgärleri iş bilen üpjün edip gelýär.

Analitikler Phenýanyň urşy tutaşdyryjy çykyşlary etmek bilen ýurduň 30 ýaşly täze ýolbaşçysynyň öz halkynyň arasyndaky täsirini güýçlendirmek maksadyny göz öňünde tutýandygyny çak edýärler.

15-nji aprelde Demirgazyk Koreýa bu ýurdy esaslandyryjy Kim Ir Seniň doglan gününi bellär.
XS
SM
MD
LG