Sepleriň elýeterliligi

Phenýan daşary ýurtlular çyksyn diýýär


Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýadaky daşary ýurtlularyň bu ýurtdan çykmagyna çagyrýar.

Ýurduň döwlet eýeçiligindäki KCNA habar gullugynyň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda “Biz uruş hadysalarynda Günorta Koreýadaky daşary ýurtlulara zeper ýetmegini islemeýäris” diýilýär.

Geçen hepde, habarlara görä, Demirgazyk Koreýa azyndan bir orta uzaklyga ýetýän raketany özüniň gündogar kenaryna geçirdi.

Şeýle-de bu ýurt geçen hepde, çarşenbe gününden başlap, Phenýandaky daşary ýurtly işgärleriň howpsuzlygyny kepillendirip bilmejegini aýtdy we ilçihanalaryň ewakuasiýa edilmegini maslahat berdi.

Phenýanyň haýbatlaryna jogap edip, Ýaponiýa sişenbe güni “Petriot” raketa urujylaryny Tokionyň töwereginde ýerleşdirdi.
XS
SM
MD
LG