Sepleriň elýeterliligi

Eýranda uran zawody açyldy


Eýranyň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy ýurtda iki sany täze uran magdanynyň we uran öndürýän kärhananyň açylandygyny habar berýär.

IRNA habar gullugy sişenbe güni Ýezd şäheriniiň golaýynda Saghand 1 we 2 uran şahtalarynyň işlemäge başlandygyny habar berdi.

Ardakandaky täze Şehit Rezaýinejat uran zawody hem Ýezd welaýatynda ýerleşýär.

Aýdylmagyna görä, bu zawod ýylda 60 tonna uran oksidini öndürmäge niýetlenen. Eýranyň ýadro tehnologiýasy baradaky täze habarlar dünýäniň alty uly döwletiniň geçen hepde Gazagystanda Eýran bilen geçiren gepleşikleriniň yzýanyna gabat geldi.

Ol gepleşiklerde uly bir öňegidişlik bolmandy. Günbatar döwletleri Eýrany ýadro ýaragyny edinjek bolmakda aýyplaýarlar, Tähran muny ret edýär.
XS
SM
MD
LG