Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda 30 esger, 100 jeňçi öldürildi


Demirgazyk-günbatar Pakistanda bolan dört günlük söweşde 30 esger, 100-e golaý jeňçi öldi.

Pakistanyň harby ýolbaşçylary duşenbe güni goşunyň dag içindäki jülgäni "Talyban" jeňçileriniň we olaryň ýaranlarynyň kontrollugyndan yzyna almaga çalşandygyny aýtdylar.

Resmiler goşunyň Tirah jülgesindäki operasiýa geçen annada, basdaş jeňçi toparlaryň arasynda hepdeläp dowam eden uruşlardan soň başlandyklaryny aýtdylar.

Bu çaknyşyklar onlarça müň adamy ýaşap oturan ýerinden gaçyp çykmaga mejbur etdi.

Tirah jülgesi Owganystan bilen serhetleşýän Haýbarda, ýarym awtonom tire sebitinde ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG