Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saddamyň agdarylanyna on ýyl boldy


On ýyl öň, şu sişenbede Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky güýçler Bagdady kontrol astyna alypdy.

Bu Saddam Hüseýniň gutarnykly ýeňlendigini aňladypdy. Bu waka dünýä Saddam Hüseýniň Bagdadyň merkezi meýdançasyndaky ýadygärliginiň agdarylyşyny görkezýän şekiller bilen ýaýrady.

Bu ýyl dönümi Yrakda aýgytlaýjy bir pursata gabat geldi. Bu ýurt basym, iki hepdeden hem az wagt içinde, Birleşen Ştatlaryň söweş güýçleri 2011-nji ýylyň aýagynda ýurtdan çykaly bäri, ilkinji ýerli saýlawlaryny geçirýär.

Emma Yrak Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda goşun çekileninden on ýyl soň hem syýasy durnuksyzlyk, zorluk wakalaryndan saplanyp bilenok.

Soňky hepdelerde bu ýurtda saýlawlarda kandidaturasyny goýmakçy bolan 10 adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG