Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa ýarag inspektorlaryny kabul etmeýär


Siriýa özüniň BMG-niň himiki ýaraglar toparyny kabul etmejegini aýtdy.

Bu topar Siriýada şeýle ýaraglaryň ulanylyp-ulanylmandygyny barlamalydy.

Siriýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýanaty duşenbe güni, döwlet eýeçiligindäki SANA habar gullugy tarapyndan ýaýradyldy.

Bu habar himiki ýaraglary inspeksiýa etmeli toparyň Kiprde toplanýan wagtyna gabat geldi.

Olaryň gelmegini geçen aý ilki Başar al-Assadyň režimi haýyş edipdi. Ýagny Damask özüniň oppozisiýadaky söweşijiler Aleppoda himiki ýaraglary ulandy diýen sözleriniň çyndygyny BMG-niň barlap biljegini aýdypdy.

BMG himiki ýaraglaryň ulanylyp-ulanylmandygyny derňejek inspektorlar toparyny düzmek bilen, özüniň bu hili ýaraglaryň ulanylandygy barada aýdylýan zatlary derňejegini açyk etdi.

SANA habar gullugynyň habaryna görä, Siriýanyň Daşary işler ministrliginiň resmisi BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-muny Damaskyň eden talabyndan başga, “goşmaça gepleşikleri” soramakda aýyplady.
XS
SM
MD
LG