Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa ÝB-niň taslamasyny ret etdi


Serbiýanyň premýer-ministr Iwiça Daçiç Belgradda geçirilen hökümet maslahatynda. 8-nji aprel, 2013 ý.
Serbiýanyň premýer-ministr Iwiça Daçiç Belgradda geçirilen hökümet maslahatynda. 8-nji aprel, 2013 ý.
Serbiýanyň hökümeti Ýewropa Bileleşiginiň araçylyk etmeginde Kosowa bilen gatnaşyklary gowulandyrmak boýunçadüzülen taslamany ret edýändigini habar berdi.

Premýer-ministr Iwiça Daçiç duşenbe güni žurnalistleriň öňünde çykyş edip, taslamada serbleriň talaplarynyň ýeterlik derejede göz öňünde tutulmandygyny aýtdy.

Daçiç: “Häzire çenli geçirilen gepleşiklere gatnaşyp, şeýle-de arkalaşmak meýli bilen serb hökümeti özüniň umumy bir ylalaşyga gelmek isleýändigini tassyklady. Serb hökümeti gepleşikleri alyp barýan toparyň dilden eden käbir talaplaryny kabul edip bilmeýär. Sebäbi olar Kosowada we Metohiýada ýaşaýan serbleriň doly howpsuzlygyny, goragyny we adam hukuklarynyň berjaý edilmegini kepillendirmeýär”.

Belgrad taslamada anyk haýsy talaplaryň edilendigi barada hiç hili maglumat bermedi. Emma ol Kosowanyň demirgazygynda ýaşaýan 50 müň töweregi serbe has köp awtonomlyk derejesiniň berilmegini öňe sürýär.

Daçiç gepleşikleriň dowam etdirilmegine meýillidigini hem aýan etdi: “Serbiýanyň hökümeti öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Priştinanyň wagtlaýyn edaralary bilen Ýewropa Bileleşiginiň araçylyk etmeginde geçirilýän gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň tarapdary”.

"Näme isleýärler?"

Belgrad bilen Priştinanyň gepleşiklerine araçylyk eden Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Eşton Serbiýanyň gelen netijesiniň gynanandyryjydygyny aýtdy.

Eştonyň metbugat wekili Maýa Koçiýançiç Belgradyň anyk nämeleri göz öňünde tutýandygyny aýdyňlaşdyrmalydygyny aýtdy. Ol: “Biz Belgradyň hasabatyny gördük. Onda Serbiýanyň taslamany ret edýändigi aýdylýar. Şeýle-de ol ýerde gepleşikleriň dowam etidirilmelidigi nygtalýar. Biz olaryň anyk nämeleri isleýändigini düşündirmeklerini isleýäris. Biz bu meseläni eýýäm esli wagtdan bäri masalahatlaşyp gelýäris. Biz ähli zatlaryň ol ýerde bardygyna ynanýarys. Bizde onçakly köp wagt ýok, şunlukda olar nämeleri isleýändiklerini belli etmeli”.

Eştonyň 16-njy aprelde bu mesele boýunça hasabat taýýarlamagyna garaşylýar.

Kosowa 2008-nji ýylda Serbiýadan garaşsyzlygyny yglan edipdi. Ol dünýäniň 90-dan gowrak döwleti, şol sanda ABŞ, 27 agzaly ÝB-niň 22 döwleti tarapyndan hem garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edildi.

Serbiýa Kosowanyň bölünip aýrylmagyny hiç haçan ykrar etmejekdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG