Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda himiki agtalama seredilýär


Himiki agtalamak jynsy jenaýatçylary derman bilen bejermekden ybarat.

Himiki agtalamak jynsy jenaýatçylary derman bilen bejermekden ybarat.

Şu günler gyrgyz kanun çykaryjylary bir täze kanun taslamasy barada pikir alyşýarlar. Bu kanun jynsy gatnaşyk üçin çagalary zorlamakda ýa-da zorlamaga synanyşmakda etmişli tapylan adamlara öz hukuklaryny gaýtadan dikeltmekleri üçin himiki kastrasiýa, ýagny himiki usulda agtalanmak ýoluny meýletin saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Gyrgyzystanda bu çäre kanun hökmünde kabul edilse, onda ol jynsy jenaýatyň öňüni almak üçin himiki ýa hirurgiki agtalamagy girizen ýurtlaryň hataryna girer.

Bu kanuny goldaýanlar bu bejergiden maksat – jemgyýeti jynsy jenaýatlardan goramak diýip, delil getirýärler. Ýöne bu iş graždan azatlyklary ýaly çynlakaý aladalara-da sebäp bolýar.

Himiki agtalamak jynsy jenaýatçylary derman bilen bejermekden ybarat. Bu barada ulanylýan dermanlar testosteron derejesini aşaklatmak bilen jynsy islegi peseldýär.

Moldowada, Polşada, Orsýetde, Günorta Koreýada, şeýle hem Amerikanyň käbir ştatlarynda çagalary zorlamakda etmişli tapylan adamlar üçin bular ýaly bejergi hökmany. Bu bejerginiň meýletin esasda geçirilmeginiň giňden ýaýran ýeri hem Günbatar Ýewropa ýurtlary.

"Netijeli alternatiwa"

Islandiýaly psihiatr Petur Haukssonyň aýtmagyna görä, bu bejergi tussag edilmekligiň netijeli bir alternatiwasydyr.: "Bejergi astyndaky jynsy jenaýatçylar berk gözegçilikde bolýarlar. Gelmeli wagtynda gelmeseler, polisiýa olaryň nirededigini bilýär. Şeýdip, olary tutýarlar. Bu lukmanlaryň, tussaglaryň we polisiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk. Bu düzgün gowy netije berýäne meňzeýär".

Gyrgyzystanda teklip edilen kanun boýunça bejergi meýletin bolsa-da, kesellä aşa ýeňil höküm teklip edilenok.

Deputat Tursunbaý Bakirulunyň pikiriçe, jynsy jenaýatyň gitdigiçe artýandygy aýdylýan häzirki wagtda bular ýaly bejergi çagalary goramaga kömek eder: "Teklip edilen kanunda kastrasiýa ulanylmazdan öň degişli şahsyň pikirine üns berilmeli diýilýär. Onsoň bir ýörite medisina komissiýasy ol adamyň fiziki we psihologiki ýagdaýyny barlap, bir netije çykarmaly. Görşümiz ýaly, teklip edilen kanun taslamasy beýleki käbir ýurtlarda edilýäninden has adamkärçilikli".

Maggie Maloneý Britaniýada "Amnesty International" guramasynyň hukuk we syýasat boýunça maslahatçysy. Onuň bellemegine görä, bu gurama bu işe düýbünden garşy däl, ýöne bu jeza däl-de, meýletin medisina bejergisi bolmaly.

Maloneý öz pikirini şeýle beýan edýär: "Hakyky razylygyň bardygyny kepillendirmek gaty kyn. Bejergini kabul etmegi üçin degişli şahsa basyş etmeli däl". Maloneý ýene-de: "Hem-de ol adama bejerginiň ýetirjek täsirleri barada doly maglumat berilmeli" diýýär.

Ludwig Lowenstein Günorta Angliýa boýunça psihologik hyzmatlaryň başlygy hem-de Psihologlaryň Halkara Geňeşiniň prezidenti. Ol himiki usul bilen agtalamaga, himiki kastrasiýa garşylara şeýle jogap berýär: "Biz ilki bilen pida çekenleri goramagyň aladasyny etmeli. Jenaýatçylaryň ýa potensial jenaýatçylaryň hukuklarynyň aladasyny şondan soň etmeli. Himiki kastrasiýa bir adamy jezalandyrmagyň iň ýeňil ýoly bolsa gerek. Ýöne bir zada üns bermeli. Birinjiden, [agtalanmaga] degişli adam kastrasiýa oňaýly garamaly. Ikinjiden, ol munuň özüne gerekdigini kabul etmeli".
XS
SM
MD
LG