Sepleriň elýeterliligi

HRW Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyndan aladalanýar


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (sagda) Ýewropa Komissiýasynyň agzasy Karel De Gucht. Brýussel. 9-njy aprel, 2013 ý.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (sagda) Ýewropa Komissiýasynyň agzasy Karel De Gucht. Brýussel. 9-njy aprel, 2013 ý.

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy Ýewropa Bileleşiginiň baştutanlaryna ýüzlenip ýaýradan beýanatynda 9-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen boljak duşuşyklarynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi çekmäge çagyrýar.

Maglumatda aýdylyşyna görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bu saparynyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça başlygy Katrin Aşton we beýleki ýokary derejeli ýewropa resmileri bilen duşuşar.

Bu duşuşyklarda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agzalygy bilen bagly meseleler, şeýle-de Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygy ýaly ugurlar boýunça pikir alyşylmagyna garaşylýar.

Adam hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watch" guramasy tarapyndan 8-nji aprelde çap edilen şol beýanatda agzalýan guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denbere salgylanylyp, şeýle diýilýär: “Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň resmilerine şuny duýdurmaly: ýurduň gaz baýlyklary onuň resmi häkimiýetlerine eldegrilmezlik hukugyny berenok. Adam hukuklarynyň depelenmegi bolsa uzak wagtdan bäri Brýussel bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokarlanmagyna ýaramaz täsirini ýetirýär”.

"Iň repressiw ýurt"

"Human Rights Watch" guramasynyň beýanatynda Türkmenistanyň dünýäde gaza baý ýurtlardan biridigi, şol bir wagtyň özünde-de onuň iň repressiw ýurtlaryň hataryna girýändigi aýdylýar.

Hasabatda aýdylyşyna görä: “Türkmen hökümeti öz syýasatyny sorag astyna alýan adamlary gorkuzýar, olara haýbat atýar, hat-da türme tussaglygyna höküm edýär. Syýasy tussaglar bolsa türmelerde çüýreýär, olaryň arasynda ýitirim bolýanlary hem bar”.

Beýanatda aýratynam Türkmenistanda söz, metbugat, ýygnanyşmak, hereket we dini azatlyklaryň berk çäklendirilendigi we ýurduň garaşsyz derňewlere gezek gelende düýpden ýapykdygy, graždan jemgyýetine we metbugata erkin iş alyp barmaga ýol berilmeýändigi nygtalýar.

Mälim bolşuna görä, Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy indi tas 10 ýyl bäri Aşgabat bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk şertnamasynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna böwet bolup gelýär.

Sebäbi bu şertnama iki tarapyň hem adam hukuklaryna sarpa goýmagyny talap edýär. Aýdylşyna görä, bu şertnamany Ýewropa komissiýasy we Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň aglabasy goldaýar, emma Ýewroparlament oňa garşy çykýar.

2008-nji ýylda Ýewroparlament agzalýan ylalaşygyň ýokarlandyrylmagy baradaky teklibiň kabul edilmegi üçin, Türkmenistanyň öňünde birnäçe şert goýupdy. Olar sýyasy tussaglaryň boşadylmagy, raýatlaryň daşary ýurtlara sapar etmegi boýunça dowam edýän çäklendirmeleriň ýatyrylmagy, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň we BMG-niň ýurtda gözegçilik işlerini alyp barmagyna ýol berilmegi ýaly maddalary öz içine alýar.

Adam hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watch" guramasy Ýewropa kommissiýasynyň we Bileleşige agza käbir ýurtlaryň Türkmenistanyň öňünde goýlan şol talaplary berjaý etmegi babatynda Aşgabada ýeterlik basyş etmeýändigini aýdýar.

Beýanatda aýratynam ýewropa ýolbaşçylarynyň Meredow bilen boljak duşuşygynda 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Nyýazowyň janyna kast etmäge bolan synanyşyk diýilýän waka bilen baglanşyklşy tussag edilen adamlaryň ykbalynyň hem gozgalmagyna çagyrylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG