Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan-ÝB energiýa gatnaşyklary


ÝB-niň we Türkmenistanyň baýdaklary
ÝB-niň we Türkmenistanyň baýdaklary
Türkmensitanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 9-njy aprelde Brýuselde Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derjeli resmileri bilen duşuşýar. Eýsem bu duşuşyk iki tarapyň gatnaşyklarynda nähili netijeler berer? Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew Türkmenistan-ÝB energiýa gatnaşyklary barada energiýa boýunça ekspert Jon Roberts bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jon, ilki bilen ÝB-Türkmenistan energiýa gatanaşyklarynyň häzirki durky barada gürrüň beräýseňiz?

Jon Roberts: Bu [gatnaşyklar] onçakly gowy däl. Umuman seredilende, Türkmenistan energiýa resurslaryna – gaza baý döwlet. Ýewropa Bileleşigi hem alternatiw energiýa çeşmelerini gözleýär. Emma, nähili bolsa-da, bu iki tarap özara ylalaşyp, umumy bir netijä gelip bilmedi.

Ýagdaýlaryň nähili özgereninden çen tutulsa, onda taraplar bu meselä tapawutly çemeleşýär. Bu hem öz gezeginde meseläniň ýakyn geljekde çözülmegi üçin belli bir derejede kynçylyklary döredýär.

Azatlyk Radiosy: Bular nähili garaýyşlar? Ýagny her bir tarap bu mesele boýunça nähili çemeleşýär?

Jon Roberts
Jon Roberts
Jon Roberts: Türkmenistan, esasan, gazyň öz serhedinden eksport edilmegine ýykgyn edýär. Bilýäňizmi, bärde gazgeçiriji bilen bagly örän çylşyrymly şertnamalaryň we ylalaşyklaryň giden bir ulgamy bar. Transhazar proýekti hem munuň düzümine girýär. Muňa görä, öndürijiniň, ýagny Türkmenistanyň hem bu prosese goşulmagy soralýar.

Eger-de Türkmenistan muňa taýýar däl bolsa, onda onuň paýyna düşýän işler daşary ýurt kompaniýalaryna tabşyrylmaly. Şol kompaniýalar gazgeçirijiniň gurluşygynyň, ondan geçjek gazyň kepilligini belli bir derejede öz üstüne alýar.

Ýokarky agzap geçen zatlarymyň, eger-de Aşgabadyň syýasatynda uly bir üýtgeşme bolmasa, ýakyn geljekde durmuşa geçjekdigini aýtmak kyn.

Azatlyk Radiosy: Jon, ÝB-Türkmenistan energiýa hyzmatdaşlygynyň geljegi barada nämeleri çaklap bolar? Üýtgeşemeler bolarmy?

Jon Roberts: Bilýäňizmi, bu mesele boýunça kynçylyklaryň biri hem, Ýewropa Bileleşiginiň birtaraplaýyn hereket edip bilmeýänliginden. Sebäbi bärde uly bir bazar sistemasy işleýär. Sebäbi gazy kompaniýalar satyn almaly.

Ýewropa Bileleşigi bolsa öz tarapyndan Türkmenistana “Ine, serediň, Ýewropa sizden uly mukdarda gaz satyn aljakdygyna kepil geçýär.” diýjek bolýar.

Men bu taýda bir zady çaklap biljek, belki-de, Türkmenistanda “hökümet-hökümet” gatnaşyklaryna öwrenişip, häzirki halkara ykdysady bazaryna doly öwrenişip bilýän däldirler.

Sebäbi, uly proýektler barada gürrüň edilende, iň azyndan Ýewropada we Demirgazyk Amerikada, hökümet bilen bir hatarda kompaniýalar bilen hem iş salyşmaly bolýar. Bu ýerde iň kyn mesele hem “hökümet-kompaniýa” gatnaşyklarydyr.

Azatlyk Radiosy: Aşgabadyň pozisiýasynda üýtgeşmelere garaşyp bolarmy?

Jon Roberts: Meniň pikirimçe, Türkmenistan gaty haýallyk bilen hereket edýär. Kaspiý meselesine – gönümel we gytaklaýyn – täsir edýän iki ýagdaý bar.

Gytaklaýyn ýagdaý – bu Owganystan. Häzir Aşgabadyň esasy ünsi Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) proýektine gönükdirilen. Bu Türkmenistan üçin goşmaça bazar bolup bilerdi.

Emma proýektiň amala aşmagy köp derejede Owganystandaky durnuklylyk ýagdaýlaryna bagly. Indiki ýyl NATO goşunlarynyň ol ýerden çykmagy bilen, bu ugurda nämälimlik döreýär.

Ikinji bir ýagdaý bolsa, Kaspiý deňzinde ýüze çykýar. Bu Kaspiniň kime degişlidigi bilen bagly hem däl. Esasy sorag bu taýda şundan ybarat, ýagny “Russiýa [bu meselede] näderejede rahatsyz bolýar?”.

Russiýa Türkmenistandan Azerbaýjana gazgeçirijiniň çekilmegini halamaýandygyny aýdýar. Türkmenistan bu mesele boýunça Moskwanyň garşysyna çykmaga taýýar. Emma munuň netijesinde ol has köp gazyň akdyrylmagyny isleýär.

Bu meselede Azerbaýjan näme diýýär? Olar “biz siz üçin tranzit bir döwlet bolmaga taýýar, emma köp mukdarda gazyň akdyrylmagyny islemeýäris, sebäbi bu biziň Ýewropadaky bazarymyza oňaýsyz täsir ýetirer” diýen manyda çykyş edýär.

Meniň pikirimçe, ÝB bilen Aşgabat ilkibaşda az mukdardaky eksport barada ylalaşyp, soňundan, ähli zat ýola düşensoň, has uly göwrüm barada gürrüň edip bilerler.
XS
SM
MD
LG