Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Häkim ýollarymyzy düzet"


"Häkim ýollarymyzy düzet" ýazgysy
"Häkim ýollarymyzy düzet" ýazgysy
Golaýda "Alternativ News Turkmenistan" atly Facebook hasabynda Türkmenabat şäherinde alnandygy aýdylýan bir surat ýerleşdirilipdir. Onda bir haýatyň diwarynda "Häkim ýollarymyzy düzet" diýlen ýazgyny görmek bolýar. Azatlyk Radiosy özüni Toýly diýip tanyşdyran, "Alternativ News Turkmenistan” Facebook hasabynyň dolandyryjylaryndan biri bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bu nirede düşürilen surat?

Toýly: Suratyň haýsy ýerde, haýsy şäherde düşürilendigini aýdyp bilemok. Sebäbi özümem bilemok. Ýöne şol surat maňa Lebap welaýatynyň çeşmelerinden gelip gowuşdy.

Azatlyk Radiosy: Şol suratyň haçan düşürilendigi barada maglumatyňyz barmy?

Toýly: Ony hem anyk bilemok. Ýöne ýaňy-ýakynda düşürilendigini bilýän. Ýöne anyk senesini aýdyp biljek däl.

Fotosergi: Türkmenabadyň erbet köçeleri



Azatlyk Radiosy: Toýly, bu surat “Odnoklassniki” ýaly sosial websahypalarda okyjylaryň örän ünsüni çekipdir. Ol barada diskussiýalar edilýär. Siz bu suratyň adamlaryň ünsüni çekmegine näme sebäp boldy diýip pikir edýäňiz?

Toýly: Aý, dogrudanam, şol ýollaryň ýaramazdygy, ýollaryň häzirki görnüşini, durkuny adamlar ony gowy bilýärler. Şol ýaňky siziň aýdan saýtlaryňyzda, “Odnoklassniki”, “Vkontakte” diýen saýtlarda [adamlar] öz pikirlerini, öz duýgularyny şol suratyň aşagynda teswir görnuşinde ýazýarlar.

Azatlyk Radiosy: Ýaňky “Odnoklassniki” ýa-da beýleki sosial websahypalarda, şol surata nähili teswirler galdyrylypdyr?

Toýly: Şol suratlara [ýazylan teswirlerde]: “Şuňa meňzeş suratlar köpräk çap edilmeli. Şular ýaly problemalar galdyrylmaly. Onuň hiç hili ýaramaz ýeri ýok, [eger] ilat bilen häkimiýetiň arasynda şeýle aragatnaşyk bolsa!..

Fotosergi: Lebabyň Garaşsyzlyk etrabynyň Niýazow şäherçesiniň köçeleri.



Azatlyk Radiosy: Toýly, indi haýsy tarapyndan seretsek-de, bu suratda çagyryş bar, seslenme bar. Hat-da bu suratda ýazylan zatda protest bar hem diýip boljak, protestiň bir görnüşi hem diýip boljak. Şular ýaly görnüşdäki ýa-da başga görnüşdäki protestler Türkmenistan üçin adaty däl. Mundan ozal halk tarapyndan edilen şeýle protestler yadyňyza düşýärmi?

Toýly: Ýok, şuňa meňzeş protestler meniň ýadymda ýok. Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň diwarlarynda dürli ýazgylaryň bardygyny iki-üç gezek gördüm. Ol hem şol sosial problemalara degişli ýazgylardy: ýol [barada], oglan gyzlaryň aragatnaşygy – şolar ýaly problemalar bardy. Ýöne şu häzirki suratdaky ýazgy, meniň pikirimçe, [täzelik], Türkmenistanda [beýle zadyň] häli mundan öň çykandygyny bilemok.

Azatlyk Radiosy: Indi, täze çykan bir zat diýjek bolýaňyz. Şeýle bir zadyň Türkmenistanda çykmagyna nähili baha berip bolar? Siziň pikiriňizçe, bu nämäniň alamaty?

Toýly: Türkmenistanda şu wagt ilatyň we häkimiýetiň arasynda kommunikasiýa ýok. Mysal üçin, ýönekeý bir adam, ýonekeý bir işgär häkimiň ýanyna baryp, şular ýaly problema bar diýip, aýdybam bilmeýär. Sebäbi ol häkimiň ýa-da başga bir başlygyň wagty ýokdur, başga bir işi bardyr [öýdýär]. Ol häkimleriň, häkimýetiň aladalary başga. Olaryň ilat bilen işleri ýok. Bular ýaly problemalara hiç seredenoklar. Bu ýol diýen problema – ýekeje problema. Ondan başga-da problema kän. Okuwçylaryň, talyplaryň gatnaşýan çäreleri… Şol çärelerden adamlar bizar boldy.

Azatlyk Radiosy: Sözüňizden çen tutulsa, adamlar hökümet ýolbaşçylary bilen duşuşmaga pursatlary, olar bilen aragatnaşyklary bolmansoň, başga hiç hili çykalga tapmansoň, indi şeýle ýola baş goşdular diýjek bolýaňyzmy?

Toýly: Hawa, hawa. Sebäbi habar serişdelerinde-de hiç hili ýüzlenme ýazyp bolmaz. Şular ýaly problemalary seslendirmek üçin radioda hiç kim saňa ses bermeýär. Başga ýoly ýok. Dogrusy, diňe şu diwaryň ýüzüne bir zat ýazaýmasaň, [adamlaryň] başga ýollary, pursatlary ýok.
XS
SM
MD
LG