Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-Ysraýyl: Eýranyň ýadro ýaragyny edinmegine ýol berilmez


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu (sagda) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (çepde), Ierusalim, 9-njy aprel, 2013.

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu (sagda) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (çepde), Ierusalim, 9-njy aprel, 2013.

ABŞ we Ysraýyl Eýranyň ýadro ýaragyny edinmegine ýol berilmejegini duýdurdylar.

Sişenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri dünýä ýurtlarynyň Eýran bilen onuň ýadro programmasy boýunça gepleşikleri tükeniksiz dowam etdirmejegini aýtdy.

Jon Kerriniň sözlerine görä, ABŞ Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmazlygy üçin Ysraýyl we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyga we çynlakaý hereket etmäge taýýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerriniň bu çykyşy onuň Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu bilen duşuşygyndan soň geçirilen bilelikdäki metbugat-konferensiýasynda edildi.

Ysraýylyň lideri Benjamin Netanýahu öz çykyşynda Eýranyň ýadro programmasynyň togtadylmalydygyny nygtady.

Benjamin Netanýahu “halkara jemgyýetçiliginden çetde duran ýurduň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň nämäni aňladýandygy hemmä düşnüklidir” diýip belledi. Onuň pikirine görä, Eýranyň halkara jemgyýetçiliginiň garşysyna gidip, ýadro programmasynyň üstünde işlemegi dowam etdirmegine ýol berilmeli däl.

Ysraýyl-Palestina gepleşikleri

ABŞ-nyň we Ysraýylyň liderleriniň ikisi-de Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky prahatçylyk prosesini gaýtadan janlandyrmagy wada berdiler. Bu proses 2010-njy ýylyň sentýabr aýyndan bäri ýerinden gozgananok.

Jon Kerri şu hepdäniň duşenbe güni žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda on ýyl bäri dowam edýän ynamsyzlygyň soňuna çykmak boýunça “hakyky strategiýanyň” tarapdarydygyny aýtdy.

Şeýle-de Kerri parahatçylyk ugrundaky täze tagallalaryň bir böleginiň Palestinanyň yraň atýan ykdysadyýetini galdyrmak boýunça synanyşyklara gönükdirilýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri soňky hepdeleriň dowamynda Ysraýyla we Palestinanyň giňişliklerine ikinji gezek sapar edýär.

10-11-nji aprelde Jon Kerriniň “Uly sekizlik” guramasynyň daşary işler ministrleriniň Londonda boljak duşuşygyna gatnaşmagyna garaşylýar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG