Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çowdurly Rejep: 'Türkmen halkyndan bolmak örän ajaýyp duýgy“


Çowdurly Rejep Ýörük
Çowdurly Rejep Ýörük
Azatlyk Radiosy Türkiýäniň Burdur welaýatynyň Çowdur etrabynyň Ýazyr obasynda ýaşaýan, towlanyp dilli tüýdük çalýandygy üçin “Garaýylan” diýip halkdan lakam alan dilli tüýdükçi Çowdurly Rejep Ýörük bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Siz başga nähili saz gurallarynda çalýarsyňyz?

Çowdurly Rejep Ýörük: Hawa, dilli tüýdükden beýleki tüýdük görnüşleri bilen bir hatarda gary tüýdük, zurnaý ýaly üflenip çalynýan saz gurallaryny çalýaryn.

Azatlyk Radiosy: Dilli tüýdük çalmaklyk ýa-da başgaça aýdylanda sazandalyk siziň esasy käriňizmi? Haçandan bäri saz sungaty bilen meşgullanýarsyňyz?

Çowdurly Rejep Ýörük: Hawa, bu meniň esasy kärim. Şu wagt men elli ýaşymda. Men ýedi-sekiz ýaşynda saz çalmaga başladym. Şeýle hasap etsek kyrk ýyly geçdi.

Wideo: Çowdurly Rejep Ýörük tüýdük çalýar
Çowdurly Rejep Ýörük tüýdük çalýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

Azatlyk Radiosy: Çowdurly Rejep dogurdan hem ady ýaly Oguzlaryň 24 taýpasyndan bolan çowdur türkmenlerindenmi? Çowdur adynyň taryhyny bilýäňizmi?

Çowdurly Rejep Ýörük: Ýok, bu meniň ýaşaýan ýerimiň ady. Men Türkiýäniň Burdur welaýatynyň Çowdur diýen etrabynda ýaşaýaryn. Çowdurlary, Oguzhanyň türki halkyndan diýip bilýärin. Çowdyr biziň etrabymyzyň ady.

Şol etraba degişli obalaryň biriniň ady men Ýazyr. Ana men şol Ýazyr obasyndan. Ata-babalarymyz Fethiýeden Sarygeçili, Gara-çulha çarwa türkmenlerinden bolansoň bu ýere dowarlaryň yzyna düşip, ýaýlaga diýip göçüpdirler. Ol ýerden Çaltylara, soň hem Ýazyr obasyna göçüpdirler.

Azatlyk Radiosy: Ýazyr obasy nähili ýerde ýerleşýär?

Çowdurly Rejep Ýörük: Ýazyr obasy bir ýaýla. Ýazyr obasy bir owadan kölüň kenarynda ýerleşýär. Derek agaçlarynyň astynda otyrys.

Azatlyk Radiosy: Siz dilli tüýdügi nirede we nähili öwrendiňiz?

Çowdurly Rejep Ýörük: Kakam atamyzyň, dädemiziň ýanynda bir müň bäş ýüz-iki müň goýunyň yzynda olary bakyp ýörkä dilli tüýdük öwrenipdir. Ondan soň zurnaý çalmany öwrenipdir. Menem dilli tüýdük çalmany öz kakamdan öwrendim.
Çowdurly Rejep Ýörük
Çowdurly Rejep Ýörük

Azatlyk Radiosy: Kakaňyz saz ukybyny nähili kämilleşdiripdir ýagny dilli tüýdükçi hökmünde il içinde nähili tanalypdyr?

Çowdurly Rejep Ýörük: Bir gezek Ýazyra, Antalýanyň Garabaş obasyndan Gara Mämmet atly bir sazanda toýa gelipdir. Şonda töweregine oba halky ýygnanyp, “Şu oglan gaty gowy dilli tüýdük çalýar.

Muny ýanyň bilen alyp git we tüýdük öwret” diýipdirler. Kakam ol halypasynyň ýanynda üç ýyl hyzmat edip, tüýdük öwrenipdir. Kakam ýigrimi sekiz ýaşynda öýlenipdir. 1961-nji ýyla çenli Ýazyr ýaýlagynda ýaşapdyr.

Ondan soň bolsa dört çagasy bilen maşgala bolup Çowdura göçüpdir. Men bolsa 1963-nji ýylda Çowdurda dünýä geldim. Häzir 1983-nji ýylda doglan taryhçy oglum hem ata-babalarymyzdan gelýän saz sungaty bilen meşgullanýar.

Azatlyk Radiosy: Çowdurly Rejep Ýörük, siziň çalýan tüýdügiňize Türkmenistanda dilli tüýdük diýip çalynýar. Mundan habaryňyz barmy?

Çowdurly Rejep Ýörük: Hawa, habarym bar. Dilli tüýdük diýilýär. Türkiýede bolsa "Dilli tüýdük“, "Dilli çopan tüýdügi“, "Dilli çopan kawaly“ ýaly atlar bilen çalynýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandaky dilli tüýdük bilen Türkiýedäki siziň çalýan dilli tüýdügiňiziň arasynda meňzeşlik barmy, iki tarapda çalynýan dilli tüýdükleriň ünsüňizi çeken wagty boldumy?

Çowdurly Rejep Ýörük: Men bir obaly, ýönekeý sada adam. Kän sowadym hem ýok. Bu sebäpden munyň bilen baglanşykly maglumatym ýok. Türkmenistandaky dilli tüýdük bilen meniň çalýan dilli tüýdügimiň arasynda dogrudan hem meňzeşlik barmyka?!

Bu meniň üçin hem gaty täsin we gyzykly tema. Oguzhanyň nebereleri elbetde ol ýerden geldi. Türkiýe o taýdan gelen. Biz biri-birimiz bilen dogan-gardaş. Menlik bir hyzmat bolsa, men hemişe öz goşandymy goşmaga taýýar.

Azatlyk Radiosy: Çowdurly Rejep Ýörük sazandaň dilli tüýdüginde halkdan iň köp isleg alyp çalýan sazlary nähili sazlar?

Çowdurly Rejep Ýörük: Çalynýan sazlar şol wagtky ylhama, duýga we pursada bagly bolýar. Sazlar şol pursadyň duýgusyna görä döreýär we derrew çalynyp, halka ýetirilýär.

Has köp isleg bildirilýän sazlardan mysal getirsem meselem “Goýny öýlemidir”, “Ýaýlamyz”, “Uzyn howa” diýilýän belent perdeden çalynyp aýdylýan aýdym-sazlar, “Söwdüň ýapragy ýaşyl pudagyň arasynda”, “Ýaşyl ördek ýaly çümdim köllere”, “Çowduryň hanlary”, “Bogaz türkü”, “Çanak döwdüren”, “Teke zortlatmasy” ýaly Türkiýäniň Köller sebiti, Akdeňiz ýagny Orta ýer deňzi sebitiniň oýun sazlary, gyryk sazlary hemmesi bar.

Azatlyk Radiosy: Dilli tüýdügiňiziň ylham çeşmesi nireden gelýär?

Çowdurly Rejep Ýörük
Çowdurly Rejep Ýörük
Çowdurly Rejep Ýörük: Dilli tüýdükde ilkinji ylham çeşmäm elbetde ussat sazanda bolan öz kakam.

Ol elli iki ýyl saz sungaty bilen meşgullandy. Ýetmiş sekiz ýaşynda hem dünýeden ötdi.

Owal hem aýdyşym ýaly ylham dowarlaryň, sürüleriň yzynda daş-töweregi gurşap alýan tegibat gözelligi bilen gelýär.

Ondan daşgyn oba-oba gezip, ýaşulylardan köne sazlary öwrenýäris we ýitip gitmez ýaly olary çalýarys. Oguzhanyň Çowdur nebereleriniň arasynda ýaşap ýören ýerimizde durmuşdan ylham alýarys.

Azatlyk Radiosy: Dünýä Türkmenlerine nähili saz sowgat etsem diýýärsiňiz?

Çowdurly Rejep Ýörük: Sosýal ulgam sahypamda öz çalan gowy dilli tüýdük sazlarym, wideolarym bar. Gepleşikden daşary diňleýjileri olary hem sahypamdan diňläp biler. Aslynda Türkmenistandaky Oguzhan nebereleri bilen duşuşyp, olaryň her islegini ýerine ýetirmek islärdim.

Dünýäň niresinde bolsak hem türk milletinden, türkmen halkyndan, Oguzhan nesberesinden bolmak örän ajaýyp duýgy. Sazlarym arkaly alysdaky doganlarymyza çäksiz hormat, söýgi we buýsanç bilen salam iberýärin.​
XS
SM
MD
LG