Sepleriň elýeterliligi

Erdogan Bişkekde gepleşik geçirýär


Gyrgyzystana sapar edýän Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan çarşenbe güni Bişkekde bu ýurduň premýer-ministri Jantoro Satybaldyýew bilen duşuşdy.

Bu gepleşikde Rejep Taýýyp Erdogan Gyrgyzystanyň Manas tranzit howa bazasyny ýakyn geljekde graždan awiasiýa merkezine öwürmek meselesinde Gyrgyzystana ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Soňky wagtlar Birleşen Ştatlar hem 2014-nji ýylda koalision güýçler Owganystany terk edenlerinden soň bu Manas bazasynyň geljekki statusy bilen baglanyşykly meseleler barada Gyrgyzystan bilen gepleşikler alyp barýar.

Türkiýäniň premýer-ministriniň häzirki saparynyň barşynda geçirilen gepleşiklerde Türkiýe bilen Gyrgyzystan awiasiýa, turizm we tokaý hojalygy pudaklaryndaky hyzmatdaşlyklar boýunça özara ylalaşyklara-da gol çekdiler.
XS
SM
MD
LG