Sepleriň elýeterliligi

Phenýanyň hereketleri gözegçilik astynda


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlar bilen Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýanyň täze raketa synagyny geçirmeginiň mümkindigini aýdyp, bu ugurdaky gözegçiliklerini güýçlendirendiklerini mälim etdiler.

Bu iki ýurduň resmileri häzirki wagt Demirgazyk Koreýanyň azyndan iki sany orta aralyga uçýan raketasyny uçurmaga taýýarlanýar diýlip çaklanylýandygyny aýdýarlar.

Ýöne Phenýanyň bu raketalarynyň synag raketalarymy ýa-da söweş raketalary bolup biljekdigi barada häzirlikçe anyk bir garaýyş öňe sürülmeýär.

Soňky günler Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri Birleşen Ştatlara, Ýaponiýa we Günorta Koreýa garşy raketa hüjümlerini amala aşyrmagynyň mümkindigi bilen duýduryş berip gelýärler.

Geçen hepde Demirgazyk Koreýanyň hökümeti bu ýurtdaky daşary ýurt ilçihanalaryna öz howpsuzlyklary üçin ýurdy terk etmekligi-de maslahat berdi.
XS
SM
MD
LG