Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ýer yranmada ýitgiler bar


Eýranyň hökümet resmileri sişenbe güni ýurduň Buşehr prowinsiýasynda ýüz beren güýçli ýer yranmada “Buşehr” atom stansiýasyna zyýan ýetmändigini mälim etdiler.

Sişenbe güni Eýranyň Bender Buşehr şäherinden 90 kilometr töweregi günorta-gündogarda ýüz beren bu ýer yranmanyň güýjüniň episentrde 6.3 bal bolandygy habar berilýär.

Eýranyň resmileri häzirki wagta çenli bu ýer yranmada ölen adamlaryň sanynyň 37-ä ýetendigini, ýaralanan adamlaryň sanynyň bolsa 850 töweregidigini aýdýarlar.

Resmiler Eýranyň bu prowinsiýasynda ýerleşýän we Orsýetiň ýardamy bilen gurlan atom stansiýasyna bu ýer yranmada hiç hili zyýan ýetmändigini tassykladylar.
XS
SM
MD
LG