Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly aýallar Owganystana haryt çekýär


Owganystanyň Mazary Şerif şäherinde türkmen harytlarynyň ýörite bir dükany bar. Şol dükanda satuwa çykarylan zatlaryň bary diýen ýaly türkmenistanly aýallaryň getiren harytlaryndan ybarat.

Azatlyk Radiosy şol dükanyň eýesi Öwez Hajy aga bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Dükanyňyzda nämeler satýaňyz?

Öwez Hajy: Biz ýakalary, donlary, türkmen esbaplaryny satýarys. Şulary gyzlar-gelinler gelip alýarlar. Başga-da biz haly, öýe tutulýan torbalary [horjunlary], haly-kilem, ýün saçaklar hem satýarys. Mende türkmenleriň geýýän başgaplaryna çenli bar.

Azatlyk Radiosy: Dükanyňyzda türkmen ýaklaryňyz, donlaryňyz, joraplaryňyz, tahýadyr, ýüň saçaklaryňyz bar. Olary nireden alýaňyz?

Öwez Hajy: Bulary Türkmenistandan alyp gelýärler. Biz şu ýerde satyn alýarys. Şulary olardan satyn alýarys. Bu ýerde [Owganystanda] tikilýäni hem bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan getirýärler diýdiňiz. Olary Türkmenistandan kim alyp gelýär?

Öwez Hajy: Bu ýakalary Türkmenistandan gelen aýallar getiräýrler. Erkek adam alyp gelenok, aýallar getirýär. Hol gün hem dört sany aýal şu ýere [haryt] getiripdi. Köp ýaka getiripdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly aýallarmy?

Öwez Hajy: Hawa, Türkmenistandan gelýärler. [Olar] köýnek, ýaka, kellä atynylýan yaglyk hem getiripdiler. Gowy-gowy ýüpek ýalyklardan hem getiripdiler.

Azatlyk Radiosy: Şol türkmenistanly aýal söwdegärler her näçe wagtdan Owganystana haryt alyp gelýärler?

Öwez Hajy: Her dört-bäş aýdan gelýärler. Çalt-çalt gelenoklar. Aradan dört-bäş aý geçmän gelenoklar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly aýal söwdegärler satmaga başga nämeler getirýärler?

Öwez Hajy: Ýaka, köýnek, don, çyrpy, gyzyl don, gara don getirýärler. Donlar hem üç-dört görnüşli. Gara donuň garalamaly diýen görnüşi hem bar. Çyrpynyň hem agy, sarysy, garasy bar. Üç görnüşi bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly aýal söwdegärler getiren şol harytlaryny lomaý tabşyryp gidýärlermi ýa-da her dükana aýlanyp satýarlarmy?

Öwez Hajy: Olar gelenlerinde hemmesi meniň ýanyma, şu dükanymyň öňüne gelýärler. Soňra [beýleki alyjy] dükanlaryň eýeleri hem şu ýere gelýärler. [Şol] dükanlaryň eýeleri gelip, hersi 20, 30, 10 ýa-da bäş sany geregini alyp gidýärler.

Azatlyk Radiosy: Nähili harydyň gerekdigini siz özüňiz sargaýaňyzmy ýa-da olaryň özleri islän harytlaryny getirýärler?

Öwez Hajy: Özleri getirýärler.

Azatlyk Radiosy: Şol gelýän türkmenistanly söwdegärler her saparynda şol birleri gelýärmi ýa-da her gezeginde başga-başgalary gelýärmi?

Öwez Hajy: Ýok, başga-başgalary gelýär. Hemişe şol bir aýallar gelenok. [Her sapar] başga-başgalary gelýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmen harytlaryna bolan isleg nähili?

Öwez Hajy: [Satyn] alýarlar. Gyzlar-gelinler dükanlara gelip alýarlar. Özüm [Türkmenistana] gidip getiremok. Şol aýallar getirýärler şolardan [satyn] alýan. Türkmenistanly aýallaryň haryt getirýänine 14-15 ýyl boldy. Ondan ozal bolsa gelim-gidim ýokdy.

Azatlyk Radiosy: Şol söwdegär aýallaryň getirýän harytlarynyň hemmesini Owganystanda satyn alyp galýarlarmy ýa-da satyp bilmän yzyna alyp gidýän ýagdaýlary hem bolýarmy?

Öwez Hajy: [Satyn] alýarlar. Hemme kişi satyn alýar. [Türkmenistanly söwdegär aýallar] obalarada baryp gelýärler.

Azatlyk Radiosy: Obalarada baryp gelýärler diýdiňiz. Harytlaryny satmak üçin haýsy obalara gidýärler?

Öwez Hajy: "Bermezit" diýilýän tekeleriň obasyna, Meýmene şäherinde "Şah" diýip oba bar oňa-da gidip gelýärler.

Azatlyk Radiosy: Söwdaňyz nähili?

Öwez Hajy: Söwdamyz gowy, erbat däl. Şu günlerde ozalky ýaly däl. Ýöne Hudaýyň nesip edeni bolup dur.
XS
SM
MD
LG