Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisioner Awdy Kulyýewiň ýogalanyna alty ýyl doldy


Awdy Kulyýewiň mazar daşy. Norwegiýa
Awdy Kulyýewiň mazar daşy. Norwegiýa
10-njy aprelde türkmen oppozisiýasynyň lideri Awdy Kulyýewiň ýogalanyna alty ýyl doldy.

Türkmenistan SSSR-niň iň soňky, garaşsyz Türkmenistanyň bolsa ilkinji daşary işler ministri Awdy Kulyýew türkmen hökümetinde bolup, resmi häkimiýete oppozisiýada duran we hökümetiň düzüminden ilkinji bolup meýletin çykan adamdy.

Awdy Kulyýew 2007-nji ýylyň 10-njy aprelinde Norwegiýanyň paýtagty Osloda agyr keselden aradan çykdy. Awdy Kulyýewiň dogan-garyndaşlary ony türkmen topragynda jaýlamak haýyşy bilen türkmen häkimiýetlerine ýüz tutupdy. Emma ýurduň häkimiýetleri tarapyndan muňa rugsat berilmändi. Aradan çykanyndan on gün geçensoň, Awdy Kulyýew türkmençilik we musulmançyyk däpleri berjäý edilip, Osloda jaýlandy.

Awdy Kulyýewiň aradan çykanyndan soň türkmen oppozisiýasynyň durmuşynda nähili üýtgeşiklik boldy?

Azatlyk Radiosy oppozisioner Halmyrat Söýünow bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG