Sepleriň elýeterliligi

Londonda G-8 topary maslahat edýär


Çarşenbe güni Britaniýanyň paýtagty Londonda G-8 toparyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri howpsuzlyk we syýasy konfliktler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

G-8 toparyna Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa we Orsýet girýär.

Iki günlük maslahatyň çäklerinde G-8 toparyna agza ýurtlardan käbirleriniň daşary işler ministrleri Siriýanyň oppozisiýasyna ýarag ýardamyny bermelimi bermeli däldigi baradaky mesele barada-da maslahat etmegi planlaşdyrýarlar.

Soňky wagtlar Britaniýa bilen Fransiýa Siriýanyň oppozisiýasyna ýarag ýardamyny bermekligi goldap, Ýewropa Bileleşiginiň bu baradaky gadagançylygyny ýatyrmaklygy teklip edip gelýärler. Emma muňa Germaniýa ýaly käbir ýurtlar garşy çykýarlar.
XS
SM
MD
LG