Sepleriň elýeterliligi

BMG: “Liwiýadan ýarag ugradylýar”


BMG-niň täze ýaýradan hasabatynda Liwiýadaky ýaraglaryň “alada dörediji derejede” ekstremistleriň we jenaýatçylaryň eline düşýändigi bellenipdir.

Hasabatda, aýratynam, bu ýaraglaryň Siriýa, Mali we Gaza Sektory ýaly regionlardaky söweşijilere ugradylýandygy bellenilýär.

Onda 2011-nji ýylda Muammar Kaddafi häkimiýetden agdrylandan soň Liwiýada täze hökümetiň talabalaýyk dolandyryşy ýola goýmak ugrunda çalyşýan bir wagtynda Liwiýanyň bu regionda ekstremistik we jenaýatçy toparlary ýarag bilen üpjün ediji ýurda öwrülendigi aýdylýar.

BMG-niň hasabatynda aýdylmagyna görä, geçirilen derňewlerde Liwiýadan häzirki wagt bikanun ýollar arkaly regionyň azyndan 12 ýurduna ýarag eltilýändigi anyklanylypdyr.
XS
SM
MD
LG