Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Saakaşwiliniň sorag edilmegi mümkin


Çarşenbe güni Gürjüstanyň premýer-ministri Bidzina Iwanişwili Orsýet bilen 2008-nji ýylda ýüze çykan uruş boýunça prezident Saakaşwiliniň resmi ýagdaýda sorag edilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Žurnalistlere beren interwýusynda Bidzina Iwanişwili “Bu uruş hakyndaky hakykat Gürjüstanyň halkyna hiç açylmady” diýip belledi.

Onuň bu çykyşynyň öňýany Gürjüstanyň goranmak ministri Irakli Alasanýa hem telewideniýä beren interwýusynda öz ministrliginiň bu bolan uruş bilen bagly wakalary derňemekçidigini mälim etdi.

2008-nji ýylyň awgustynda Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda ýüz beren gysga wagtlyk harby konfliktiň yzysüre Moskwa Gürjüstanyň separatistik regionlary bolan Günorta Osetiýa bilen Abhaziýany “garaşsyz döwletler” hökmünde ykrar edipdi.
XS
SM
MD
LG