Sepleriň elýeterliligi

Nurmämmedow: "Atlar syýasy kult üçin ulanylmaly däl"


Aşgabatdan bir görnüş

Aşgabatdan bir görnüş

Döwlet eýeçiligindäki “Türkmendöwlethabarlary” gullugy ahat-teke atlaryna bagyşlap, ýörite internet sahypasyny döretdi.

Bu saýt döredilende "Türkmen atlary" döwlet birleşigi bilen türkmen DIM-niň geňeş-goldawynyň hem alnandygy habar berilýär.

Täze saýtda türkmen atlary bilen bilelikde ýurduň prezidenti hem uly orun tutýar. Ýagny, täze döredilen internet saýtynyň başynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň portreti, ahal-teke atlary barada aýdan sözleri, kitaplarynyň suratlary ýerleşdirilipdir.

Mundanam başga, saýtyň surat galareýasynda prezidentiň dürli eşikleri geýip, at üstünde düşen suratlary ýerleşdirilipdir.

Synçylar Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň, garaşsyzlyk ýyllarynda öňe sürlen at kultunyň täzeden, has giň gerimde ösdürilip başlanandygyny aýdýarlar.
Eýsem Türkmenistandaky at kultunyň arkasynda nämeler bar? Bu ýagdaý ýurtda atçylygyň ösmegine nähili täsir ýetirýär?

Azatlyk Radiosy bu barada aşgabatly ýerli synçy Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.
XS
SM
MD
LG