Sepleriň elýeterliligi

Seul hüjümiň öňüniň alynjagyny aýdýar


Penşenbe güni Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýanyň islendik bir raketa hüjüminiň öňüni almaklyga taýýardygyny aýdyp, beýanat etdi.

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Kim Min-seok habarçylara beren interwýusynda: “Demirgazyk Koreýanyň raketalary biziň Patriot raketalarymyzyň atyş çäklerine aralaşan halatynda, biz olary atyp, weýran ederis” diýip, belledi.

Onuň bu beýanatynyň öňýany Günorta Koreýanyň razwedka gullugy Demirgazyk Koreýanyň öz gündogar kenar ýakalaryndan orta aralyga uçýan iki sany raketasyny uçurmaga taýýar diýlip hasaplanylýandygy barada maglumat ýaýradypdy.

Çarşenbe güni ABŞ-nyň Goranmak sekretary Çak Heýgel hem Demirgazyk Koreýanyň “howply çäge” golaýlandygyny aýdyp, onuň islendik bir prowakasiýasyna Waşingtonyň talabalaýyk jogap bermäge taýýardygyny nygtady.

Soňky günler Demirgazyk Koreýa Birleşen Ştatlara, Ýaponiýa we Günorta Koreýa garşy raketa hüjümlerini amala aşyrmagynyň mümkindigi bilen duýduryş berip gelýär.
XS
SM
MD
LG